17/01/2021 5:43
Home TARYH Amyderýa Hazynasynyň Syry

Amyderýa Hazynasynyň Syry

Gözlegler  we  açyşlar

Gadymy  Gündogaryň  taryhynda  aýratyn  orna  mynasyp  bolan  zergärçilik  sungatynyň  nepisligi, sünnäligi  bilen  tapawutlanan  nusgalary  adamzat  geçmişiniň  bütin  dowamynda  özüniň  kämillik  ýoluny  geçipdir. Bu  ajaýyp  sungatyň  kökleri  müň  gowgaly  gadymy  Ene  topragyň  çar  künjüne  ýaýrapdyr.  Dürli  çeperçilik  ugurlarda  sünnälenen- naşy  nagyşlardyr  gymmatbaha  daşlara  beslenen  bezegler  soltandyr  şalaryň  hazynalarynyň  zynaty  saýylypdyr.

Soňky  ýüz  elli  ýyldan  bäri  arheologiýa  barlaglary  wagtynda  şaý-sepleriň, beýleki  gymmatlyklaryň  toplumy- hazynalaryň  tapylandygyna  saralan  sahypalara  siňen  deliller  subutnamadyr. Ýöne, hany  ol  adamzat  aňyýetiniň  hamyrmaýasyny  kalbynda  ýuguryp, ezber  gollary  bilen  döreden  tyllaýy  nagyşlary?! Bu  sowala  jogap  tapmak  kyn  bolsa  gerek.

Ilkinji  nobat-da, ol  tyllaýy  nagyşlaryň  ýörite  «hazynagözleýjileriň»  üns  merkezinden  düşmändigini  bellemekçi. Mundan  başga-da, olaryň  aglaba  bölegi  talaňçylykly  ýörişleriň  dowamynda  dogduk  depesinden  jyda  düşüpdir. Netijede  bolsa, adamzat  taryhyndaky  aýan  bolan  hazynalar  hakynda  nijeme  kyssalar, rowaýatlar, toslamalar  hem-de  gürrüňler  döräp, syrlar  ummanyna  öwrülipdir.

Türkmen  halkynyň  gözbaşyny  müňýyllyklardan  alyp  gaýdýan  zergärçilik  sungatynyň  taryhyna  bolan  gözlegler  örän  gyzykly  we  täsirli  maglumatlaryň  üstünden  eltdi. Zergärçilik  sungatynyň  teoretiki  meseleleri  boýunça  hat-da  umumylaşdyrjy  esasyň  ýoklugy  çuňňur  ylmy-derňewleri  geçirmegi  talap  edýär. Bu  gozgaljak  meselede  diňe  sagdyn  paýhasdan  ugur  alynmalydyr.

Şonuň  üçin  gürrüňimizi  uzakdaky  dumanly  Albionyň  kenaryndaky  London  şäheriniň  meşhur  Britan  muzeýinden  başlamakçy. Bu  muzeýde  Magrybyň  we  Maşrygyň  halklarynyň  inçe  sungatynyň  iň  ajaýyp  nusgalary  hemişelik  sergide  goýlupdyr. Olaryň  ykballary  dürli-dürlidir: muzeý  gymmatlyklarynyň  satyn  alynanlaryda, ogurlanyp  getirlenide, sowgat  berilenide  bar. Emma  zorlanyp, gaňyrlyp  alynanlaryda  bolup, olar  esasan  iňlisleriň  koloniýal  süteminiň  «sowgatlarynyň»  sanawuna  girýär.

Britan  muzeýiniň  gymmatlyklarynyň  hataryna-ylmy  edebiýatlarda (şol  sanda  hemişelik  sergidäki  ady-B.A.) «Amyderýa  hazynasy»  ady  bilen  tanalýan  altyn  we  kümüşden  ýasalan  şaý-sepleriň, dürli  bezegleriň  hem-de  pullaryň  toplumy  hem  goşulypdy. Bu  ajaýyp  hazynaň  ykbaly  indi  130  ýyldan  bäri  alymlary  öz  erkine  gýanok.

Mundan  birnäçe  ýyl  ozal  belli arheolog, taryh  ylymlarynyň  doktory  Ý.Ý.Kuzmina  bilen  duşuşanymyzda  Amyderýa  hazynasy  hakynda  sorapdyk. Şonda, Ýelena  Ýefimowna   özüne  mahsus  sypaýylyk  bilen: «Bilýäňizmi, Amyderýa  hazynasynyň  yzlaryny  gadymy  Nilden  Egeý  deňziniň, bol  suwly  Jeýhundan  Hazar  deňzine  çenli  ümmülmez  sähralardan, galyberse-de, Köpetdagyň  demirgazyk  eňňitlerindäki  gorganlardan  gözlemeli» diýip, jogap  beripdi.

Okap bilersiňiz  Saz sungatynyň taryhyndan :Arfa

«…1880-nji ýylyň alabahary. Dürli  gymmatly  harytlardan  mas  ýüklenip, Samarkantdan  ugran  kerwen  uzak  Hindistana  rowana  bolupdy. Bu  kerwende  Samarkantly  täjirler  bolup, olar  Tagty –Sanginde (Daşly  şäher)– Buhara  emirliginiň  iň  soňky  şäherinde  düşlediler. Ol  Amyderýanyň  ýokary  akymy  bolup, onda  Wahş  we  Penç  derýalary  birleşýärdi. Ondaky  geçelge  «Mele» diýlip  atlandyrylýardy. Kenardan  aňyrda  Owganystanyň  emiri  Abdyrahman  hanyň (1844-1901 ýý.)  mülkleri  ýaýylyp  ýatyrdy. Serhet  şäherinde  täjirler  owgan  topragyna  aýak  basylanda- gümrük  nokadynda  hemmeleriň  ýanlaryndaky  pul  serişdeleriniň  alynyp, emiriň  gaznasyna  geçirilýändigini  bildiler. Öňler  beýle  däldi: adatça  täjirler  gümrükçiler  bilen  oňuşýardylar. Emma  indi  emiriň  permany  çykypdyr.

Olar  çykgynsyz  ýagdaýa  düşdüler. Sebäbi  täjirler  harytlardan  ötri, ep-esli  puly  hem  ýanlaryna  göteripdirler. Çykalga  welin  tapyldy. Şäherde  golundan  «dür  dökülýän»   zergär  bolup, ol  öz  harytlaryndan  başga-da  seýrek  gymmatlyklary  hödürläp  bilýärdi. Ýöne  olaryň  bahasy  galady. Bu  şäheriň  ilaty  güzeranyny  zordan  aýlap, zynatly  bezeglerden  elli  bizardy. Bir  döwüm  çöregini  tapsa  razydy. Emma  bu  ýagdaý  täjirlere  degişli  däldi. Bu  bolsa  olaryň  zergär  bilen  umumy  dil  tapyşmagyna  getirip, olar  onuň  ähli  gymmatlyklaryny  ýanlaryndaky  pullaryna  satyn  aldylar.

Her  bir  rowaýatyň  gyzyklydan  täsirli  taraplary  bolýar. Samarkantly  täjirleri  entek  barmaly  menzillerine  ýetmänkäler , Kürdüstan  daglarynyň  Sahy-Baba  diýen  ýerinde  «müň  bir  gijäniň»  garakçylary  taladylar. Harytlaram, zergärden  satyn  alynan  gyymmatlyklaram  bet  pygyllaryň  goluna  düşdi. Emma  hemişe  bolşy  ýaly  täjirlere  iňlis  harbysy  duşup, olaryň  gideren  harytlaryny  alyp  berip, garakçylaryň  temmisini  berdi.

Hindistanyň  Rawalpindi  şäheri. Lord  Littonyň  kaşaň  willasy. Ajy  hindi  kofesiniň  hözürini  görüp  oturan  lord  täjirleriň  horjunynyň  gözünden  görnüp  duran  gymmatbaha  daşlary  lowurdaşýan  gymmatlyklaryny  görüp  essi  aýylsa-da, baha  gezek  gelende  arkan-ýüzün  gaýyşdy. Emma  göni  gelen  awuny  welin  sypdyrasy  gelmedi. Haçan-da, täjirler  turmakçy  bolanlarynda  ol  böküp  diýen  ýaly  kürsüsinden  galyp, olaryň  ýeňinden  ýapyşdy…

Gadymy  syrly  Gündogaryň  gymmatlyklaryny  toplaýjy  lord  näçe  husyt  bolsa-da, Tagty  Kuwwatyň  ajaýyp  nusgalaryna  şyňňyrdaýan  kümüş  sterlinglerini  gysganmady. Jomartlyk  bilen  eçildi. Iki  tarap  hem  razy  boldy».

Görnükli  alymdan  diňlenilen  bu  gürrüňiň  aňyrsynda  taryhy  hakykat  ýatyr. Bu  eýýäm  XIX  asyryň  ahyrynda  hazynaň  dumanly  Albionyň  kenarlaryna  baryp  ýetendigini (hazynany  öwrenen  alymlar  O.M.Dalton, M.M.Dýakonow, L.I.Rempel, B.Ý.Stawiskiý, G.A.Pugaçenkowa, I.R.Piçikýan  hem  şeýle  pikide)  aňladýar. Ýöne  bir  ýagdaý  bizi  binjalykdan  gaçyrýar: ýokarda  ady  getirilen  alymlar  Amyderýa  hazynasynyň  gymmatlyklarynyň  taryhy-geografiki  territoriýasyny  nämeüçindir  Türkmenistandan  başga  ýerden  gözlediler? Dogry, alymlaryň  arasynda  bu  meselä  sagdyn  paýhas  bilen  çemeleşenleride  bar. Sebäbi  meşhur  hazyna  diňe  gadymy  pederlerimize  degişli  bolmandyr: onda  köp  halklaryň  «paýy» bar. Emma, abraýly  alymlaryň  köre-körlük  bilen, ýa-da, döwrüň  syýasatynyň  «labyry»  astynda  asyrlar  aşan  gymmatlyklary  diňe  eýran  dilli  halklaryň  hasabyna  geçirmegi  çetiňe  degýär.

Okap bilersiňiz  Jelaleddin Türkmen ýa-da Jelaleddin Meňburny
Okap bilersiňiz  “Samsung” kompaniýasy “Galaxy M11” smartfonyny hödürledi

Ý.Ý.Kuzminanyň:«Alymlar  bu  mmesele  dogrusynda  bir  pikire  gelip  bilmediler.Käbirleri  tapyndylar  ahemenit  köşgüniň  harytlaryna  meňzeş  bolanlygy  üçin, onda  olar  pars  önümleri  hasapladylar. Üçinjiler, O.M.Daltonyň  yzyndan  başlap, eserleri  dürli  döwürlerde, dürli  çeperçilik mekdeplerine  bölmäge  çalyşýarlar.  Biziň  pikirimizçe  soňky  garaýyş, has  dogry  görünýär» diýip, ýazmagy  örän  ýerliklidir.

Bu  başgaça  bolup  hem  bilmez. Sowet  eýýamynyň  ideologlaryna  duşmançylykly  Günbataryň  dünýä  meşhur  muzeýinde  Sowetler  ýurdunyň  «doganlyk  halkarynyň»  amaly-bezeg  sungatyna  degişli  gymmatlyklaryň  saklanýandygy  ýaramaýardy. Sebäbi  ol  gymmatlyklaryň  hiç  biri-de  öz  dogduk  depesinde  galmandy.

Bir  hakykaty  belläsimiz  gelýär:eger-de  Amyderýa  hazynasynyň  gymmatlyklary  biziň  muzeýlerimizde  galan  bolanlygynda, olaryň  ykbaly  hem  ene-mamalarymyzyň, baýdak  ýaly  gyz-gelinlerimiziň  arassa  kalbynyň  bir  bölegi  bolan  tyllaýy  şaý-sepleriniňkiden  tapawutlanmazdy. Sebäbi  Beýik  Watançylyk  urşy  ýyllarynda  Goranmak  gaznasyna  tabşyrylan  şaý-sepleriň  agramly  bölegi  ýitirim  edilipdi. Şoňa  görä-de, soňky  ýyllara  çenli  akademiki  we  okuw  neşirlerinde  olaryň  sany  kemeldilip  görkezilip  gelindi. Bu  säwligi  indi  düzetmäge  synanyşýarlar.

Amyderýa  hazynasy  biziň  eýýamymyzdan  ozalky V-IV  asyrlara  degişli  edilýär. Biziň  pikirimizçe  bu  gutarnykly  netije  däldir. Belli  sungatşynas  B.Ý.Stawiskiniň  nygtaýşy  ýaly  ol  demirgazykbaktriýaly  baý-asylzadanyňky  bolupdyr. Iň  esasy  mesele  bu  hazynanyň  nireden  tapylanlygydyr. Tagty Kuwwatdanmy? Hazynaň  düzümindäki  «Allaň  ýüzügünde» bu  harabaçylygyň  ady  görkezilýär. Ýene  bir  aýratynlyk: haýsy  sebäpler  hazynany  gara  ýere  duwlamaga  mejbur  edipdir! Onuň  tapylan  Tagty Sangin harabaçylygyndan  soňky  ýüz  ýyllara  çenli  geçirilen  arheologiýa  barlaglarynda  Amyderýa  hazynasy  ýaly  gymmatlyklaryň  toplumy  ele  salynmady.

Okap bilersiňiz  “Super Mario” rekord bahadan satyldy
Okap bilersiňiz  Gözlegler we açyşlar: Amyderýa Hazynasy

Munyň  özi  hazynaň  bu  şäher  harabaçylygyna  sebtiň  başga  bir  şäherinden (belki  Buhara  emirliginiň, ýa-da, Kokant  hanlygynyň  hazynasyndan.-B.A.) getirilip  gömülen  bolmagy  ähtimal. Sebäbi  ol  arheologlar  tarapyndan  tapylmandy. Bu  ýagdaý  gadymy  Orta  Aziýanyň  şekillendiriş  we  amaly-bezeg  sungatynyň  taryhyndan  habarly  bolan  islendik  alymy  binjalykdan  gaçyrýar.

Şu  ýerde  hazynaň  düzümine  üns  çekeliň. Britan  muzeýinde  hemişelik  sergide  goýlan  gymmatlyklaryň  katalogyny  ilkinji  neşir  ediji  iňlis  oriýentalisti  O.M.Dalton  bolup, ol  hazynany  şu  sanawda  berýär: 16 göwrümli  altyn  heýkel, 5 altyn  tabak, 26 gazma  bezegli  predmet, 53 gazma  şekilli  plastinka, 16 ýüzük  we  möhür, 30 bilezik, 31 kiçi  bezeg, 1 altyn  ahemenit  teňňesi.

Ýeri  gelende  aýtsak, bu  mesele  bilen  içgin  iş  salyşan  alymlar  ilkinji  çeşme  hökmünde  O.M.Daltonyň  düzen  katalogyna  salgylanypdyrlar. Iň  esasy-da, hazynaň  agramly  bölegi  zergärçilik  sungatynyň  önümleri-şaý-sepler  bolup  durýar. Bu  bolsa  biziň  şu  ýazgymyzyň  döremegine  sebäp  bolan  halatlaryň  biridir.

Arheolog  Ý.Ý.Kuzmina  hazynaň  sanawunyň  üstüni  1500  altyn  we  kümüş  teňňe  bilen  ýetirýär. Amyderýa  hazynasyny  beýan  eden  alymlaryň  hiç-biri-de  1500  teňňe  hakynda  maglumat  bermeýärler  hem-de  olaryň  gymmatlyklaryň  düzümine  dürli  saý-sebäpler  bilen  goşulandygyny, galyberse-de, ylmy  nukdaýnazaryndan (arheologiýa  ylmynyň  kömekçi  numizmatikasy  haýsy  ugry öwrenýärkä!) ähmiýetiniň  ýokdugyny  nygtaýarlar.

Ýene  bir  ýagdaýy  bellemekçi.

Dowamy bar.

 Bäşim Annagurbanow,

Arheolog

Okap bilersiňiz  2019 yılının en güzel atı Parasat seçildi

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmen türgeniniň mynasyp “altyn” medaly

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýyla paýtagtymyz Aşgabatda agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirilipdi. Bu çempionat köp sanly rekordlar hem-de gazanylan uly sport üstünlikleri bilen...

Meşhur futbolçy karýerasyny tamamlap, tälimçi boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “Mançester Ýunaýted” toparynyň meşhur ozalky hüjümçisi, milli ýygyndylarynyň taryhyndaky iň köp gol geçiren futbolçylardan Ueýn Runi futbol karýerasyny tamamlady. Ol...

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda köpçülikleýin sanjyma girişildi

Dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň biri hasaplanýan Hindistanda koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjyma girişildi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär. Bu köpçülikleýin sanjym etmek işine...

Metbugat ýygnagy: Türkmenistan Owganystany hemmetaraplaýyn goldaýar

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat ýygnagy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, Türkmenistanyň daşary...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

ECO-93 benzininiň eksporty 2 esseden gowrak artdy

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ECO-93 söwda belgili benziniň eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,3 esse...

Milli ýygyndylar boýunça iň gowy tälimçi boldy

Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) soňky on ýylda iň gowy milli ýygyndy tälimçileriň sanawyny düzdi. Sanawda birinji ýeri Germaniýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi...

Diplomy ykrar edilýän ýokary okuw jaýlarynyň sanawy belli boldy

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara derejesindäki ýokary okuw mekdepleriniň sanawy her ýyl taýýarlanýar. Şol sanaw 2021-nji ýyl üçin hem...

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda köpçülikleýin sanjyma girişildi

Dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň biri hasaplanýan Hindistanda koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjyma girişildi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär. Bu köpçülikleýin sanjym etmek işine...