TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY

Taňrynyň Ezizliginiň we Beýikliginiň Öwgüsini Beýan Eder

Kutadgu- Bilig 1-nji bölüm

BISMILLAHI-R-RAHMAN-R-RAHIM

 

I TeÅ‹ri Azze Ve Celle Ögdisin Ayur
  1. Taňrynyň Ezizliginiň we Beýikliginiň Öwgüsini Beýan Eder
1 Bayat atı birle sözüg başladım,
törütgen egidgen keçürgen idim
1.Baýat ady bilen başladym sözi,

Döreden, egiden, geçrimli özi.

2 Üküş ögdi birle tümen miÅ‹ senâ,
uğan bir bayatka aÅ‹ar yok fenâ
2.Çäksiz öwgi bilen tümen müň sena,

Okgan bir Baýatga, oňa  ýok günä.

3 Yağız yer yaşıl kök kün ay birle tün,
törütti halâyık öd üdlek bu kün
3.Ýagyz ýer, ýaşyl gök, gün, aý bilen tün,

Döretdi halaýyk art-arda bu gün.

4 Tiledi törütti bu bolmış kamuğ,
bir ök bol tedi boldı kolmış kamuğ
4.Diledi, ýaratdy, boldy bary jem,

Birbada “Bol!” diýdi, döredi şol dem.

5 Kamuğ barça muÅ‹luğ törütülmişi,
muÅ‹ı yok idi bir aÅ‹ar yok eşi
5.Döränleriň barçasyna zerurdyr,

Täkdir, deň-duşy ýok, ol – Biribardyr!

6 Ay erklig uğan meÅ‹ü muÅ‹suz bayat,
yaramaz seniÅ‹din adınka bu at
6.Eý, ullakan, erkli ebedi Baýat,

Senden aýra asla ýaraşmaz bu at!

7 Uluğluk saÅ‹a ol bedüklük saÅ‹a,
seniÅ‹din adın yok saÅ‹a tuş teÅ‹e
7.Ululygam saňa, beýiklik saňa,

Senden özgesi ýok, saňa duş-deňe.

8 Aya ber birikmez saÅ‹a bir adın,
kamuğ aşnuda sen sen öÅ‹dün kedin
8.Eý Biribar, saňa birikmez deňi,

Barçanyň öňi sen, şeýle hem soňy.

9 Sakışka katılmaz seniÅ‹ birlikiÅ‹,
tüzü neÅ‹ke yetti bu erkliglikiÅ‹
9.Hiç sana gatylmaz seniň birligiň,

Bütine ýetendir bu erkliligiň.

10 Seziksiz bir ök sen ay meÅ‹ü eçü,
katılmaz karılmaz sakışka seçü
10.Synmaz ebedi sen, eý Biribarym,

Gatylmaz, garylmaz sanda hasabyň.

11 Ay iç taş biligli ay hakku’l-yakin,
közümde yırak sen köÅ‹ülke yakın
11.Iç-daşyň bilgiji, eý Hakkul-ýekün,

Gözümden yrak sen, köňlüme ýakyn.

12 BarıÅ‹ belgülüg sen kün ay teg yaruk,
neteglikke yetgü köÅ‹ül ögde yok
12.Barlygyň belli seň, aýdyň gün-aý dek,

Neneňsi sen, muňa ýetjek akyl ýok!

13 Ne ersedin ermez seniŋ birlikiŋ,
ne erselerig sen törüttiÅ‹ seniÅ‹
13.Akyl ýetmez seniň beýle barlygňa,

Akly sen ýaratdyň, haýran – zorlugňa!

14 Kamuğ sen törüttüÅ‹ ne erselerig,
yokadur ne erse sen ök sen tirig
14.Barçany  ýaratdyň, boldy bu barlyk,

Olar gider, sensiň ýeke-täk dirlik.

15 Törütgen barıÅ‹a törütmiş tanuk,
törümiş iki bir tanukı anuk
15.Ýaradan – baryňa döretmiş tanyk,

Dörän ikiň biri tanykdyr anyk.

16 AnıÅ‹ okşağı yok azu meÅ‹zegi,
neteglikke yetmez halâyık ögi
16. Oňa ogşaýan ýok, hem ýok meňzäni,

Ýetmez asla muňa halaýyk aňy.

17 Yorımaz ne yatmaz udımaz oduğ,
ne meÅ‹zeg ne yaÅ‹zağ kötürmez boduğ
17.Ne ýörär, ne ýatar, uklamaz – oýa,

Ne meňzär, ne ýaňzar, götermez boýa.

18 Kedin öÅ‹dün ermez ne soldın oÅ‹un,
ne astın ne üstün ne otru orun
18.Ne yz-öň, ne solda ýa-da oňyndyr,

Bilinmez ast-üsti, haýsy orundyr?!

19 Orun ol törütti orun yok aÅ‹ar,
anıÅ‹sız orun yok bütün bol muÅ‹ar
19.Orny ol döretdi, orun ýok oňa,

Onsuz orun ýokdur, bütin bol muňa.

20 Ay sırka yakın ay köÅ‹ülke ediz,
tanuk ol saÅ‹a barça sûret bediz
20.Eý sen syra ýakyn, köňli gurşaýan,

Saňa tanyk bary, bu barça aýan.

21 TörüttüÅ‹ tümen miÅ‹ bu sansız tirig,
yazı tağ teÅ‹iz kötki oprı yirig
21.Döretdiň müň tümen janly barlygy,

Dag, deňiz, depe hem çukurlygy.

22 Yaşıl kök bezediÅ‹ tümen yulduzun,
kara tün yaruttuÅ‹ yaruk kündüzün
22.Ýaşyl gök bezediň tümen ýyldyzdan,

Aýdyň etdiň gara tüni gündizden.

23 Uçuğlı yorığlı tınığlı neçe,
tirilgü seniÅ‹din bulup yer içe
23.Uçugly, ýöregli, dynygly niçe,

Senden dirlik tapyp, gezer iýp-içe.

24 Ediz arşta altın serâka tegi,
tüzü barça muÅ‹luğ saÅ‹a ay idi
24.Arş-kürsüm, ýer–gögüm, bärim hem aňrym,

Barça saňa mätäç, eý beýik Taňrym!

25 Ayâ birke bütmiş tiliÅ‹ birle ög,
köÅ‹ül bütti şeksiz amul tutğıl ög
25.Biribarym diýseň, diliň bilen öw,

Köňülde şek tutma, ony aýyr, kow!

26 Neteglikke kirme küdezgil köÅ‹ül,
barıÅ‹a bütün bolğıl amrul amul
26. “Neteglige” girme, gözet köňlüňi,

Baryňa bütin bol, gazan soňlugy.

27 Kalı kançaka kirme tutğıl özüÅ‹,
kalı kançasız bil uzatma sözüÅ‹
27. “Hany, haçana” girme, tutgul özüň,

“Hany, haçansyz” bil, uzatma sözüň.

28 Ay muÅ‹suz idim sen bu muÅ‹luğ kuluğ,
suyurkap keçürgil yazukın kamuğ
28.Eý rehimdar Taňrym, sadyk guluň men,

Bagyşlap, geçirgil ýazyklam bütin.

29 SaÅ‹ar ok sığındım umınçım saÅ‹a,
muÅ‹admış yerimde elig tut maÅ‹a
29.Eý howandar Taňrym, sygynýan saňa,

Bulnamyş ýerimde el uzat maňa!

30 Sevüg savçı birle kopurğıl meni,
elig tuttaçı kıl könilik küni
30.Söwer sawçy bilen gop galdyr meni,

Elimden tutawer gönülik güni.

31 Tüzü tört eşiÅ‹e tümen miÅ‹ selâm,
tegürgil kesüksüz tutaşı ulam
31.Dört deň-duşa menden tümen müň salam,

Ýetewersin üznüksiz oňa bu kelam.

32 Uluğ künde körkit olarnıÅ‹ yüzin,
elig tuttaçı kılğıl edgü sözin
32.Uly günde görket olaryň ýüzün,

Elim tutsun, diýsin has eýgi sözün.

33 Seni erdüküÅ‹ teg ögümez özüm,
seni senmet öggil kesildi sözüm
33.Seni hut bolşuň dek öwemok özüm,

Seni seň özüň öw, kesildi sözüm.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Stambul we Aşgabat-Minsk ugry boýunça biletiň bahalary

Türkmenistan Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynda 24 medal gazandy

Emmanuel Makron: Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyzy ösdürmäge taýýar

Gazagystan türkmen gazyny eksport etmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan-Gazagystan: söwda dolanyşygy yzygiderli artýar

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt döwlet Baştutanlaryny gutlady

Ata Watan Eserleri

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Fizika boýunça Nobel baýragy gowşuryldy

Oktýabr aýy: Türkmenistan-Türkiýe aralygynda 30 uçar gatnawy

Teswirle