«Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi.
Şoňa laýyklykda, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasyna goşmaça girizildi.
Oňa laýyklykda, 19-njy maddanyň birinji böleginiň 2-nji bendinden soň şu mazmunly bent goşuldy: «Umumybilim edaralaryny we ýörite bilim edaralaryny tamamlan ýylynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmaga isleg bildirenlere».
Bu Kanunyň 19-njy maddasy «Raýatlary harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek» diýip atlandyrylýar. Goşmaça girizilen bent degişli raýatlaryň harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürmegi göz öňünde tutulýar.