TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Talyplara tölegsiz esasda okamak ýeňilligi

Türkmenistanda güýje giren “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanuny ýaşlara köp sanly ýeňillikler göz öňünde tutuldy.

Şol ýeňillikleriň çäklerinde tölegli esasda ýokary bilim edaralaryna kabul edilen ýaşlara okuwlarynda üstünlik gazanan halatynda tölegsiz esada okamaga mümkinçilik döretmek göz öňünde tutulypdyr.

Kanunyň 27-nji maddasynyň degişli bölegi 

6) ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen, hünär bilimi edaralaryna tölegli esasda okuwa kabul edilen hem-de okuwda, döwlet we halkara bäsleşiklerinde we jemgyýetçilik işlerinde ýokary netijeleri görkezen ýaşlara okuwyny tölegsiz esasda dowam etmek mümkinçiligini döretmek.

 

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle