TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Talyplar üçin 1 ýewrodan nahar

Fransiýanyň Pariž şäheriniň “Le Reflet” restoranynda maddy tarapdan kynçylyk çekýän talyplara hepdede iki gezek nahar berler diýip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär. Içdäaçar, esasy nahar we süýji tagamlar bularyň ählisi 1 ýewro barabar bolar. “Talyplaryň raýdaşlyk” tagamnamasyna gök-önümlerden, balykdan we et önümlerinden taýýarlanan naharlar girýär. Ýaş talyplar üçin döredilen şert iň gowularyň biri bolup durýar.

“Biz diňe bir kiçijik restoran. Islegiň bardygyna düşünýäris we bu haýyr-sahawat hökmünde üpjün edip biljek üpjünçileri bar bolsa, beýleki restoranlar hem edil şular ýaly işler bilen meşgulanyp bilerler” diýip, restoranyň dolandyryjysy Oliwýe Wellutini belläp geçýär.

Fransuz häkimiýetleri ýakyn günlerde ýene-de uniwersitet naharhanalarynda talyplaryň naharlanyp biljekdiklerini wada berdiler.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Täjigistan: diplomatik gatnaşyklara 30 ýyl doldy

Maulen Aşimbaýew Senatyň başlygy wezipesine saýlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle