JEMGYÝET

Talyp wizasy üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Türkiýäniň Aşgabatdaky Ilçihanasy tarapyndan habar berilişine görä, okuw maksatly Türkiýä gitmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin 1 Aprel 2018 senesinden başlap  wiza ýüz tutmalarynda online ýazylyşyk (randevu) sistemasyna geçildi.  Şol sebäpli Türkiýedäki ýokary okuw jaýyna ýerleşen talyplar www.visa.gov.tr  ýa-da www.konsolosluk.gov.tr/visa  salgylaryndan “wiza ýüz tutuş anketasy (visa pre-application form)” doldurylyp, amallaryñ dowamynda iñ soñky tapgyra gelineninde “ýazyl (make appointment)” düwmesine basyp ýazylmak gerek. Bu amallary gönüden göni talybyň özi edip biler. Makul Hyzmat Terjime Merkezinden habar berilişine görä, bu ulgamda terjime hyzmatyny almak üçin +993 63 78 96 73 IMO hasabyndan hem Terjime Merkezine ýüz tutup bilerler.

Talyp Wizasy üçin Gerekli resminamalar :

  • Okuwa kabul edilendigi baradaky haty we kopiýasy
  • Okajak  döwründe ähli çykdajylarynyň  türk raýaty tarapyndan tölenjekdigi barada borçnama (sponsor) ýa-da ene-atasynyň işleýän ýerinden aýlyk haklaryny görkezýän resminama, şeýle hem ene-atasyndan  çagasynyň ähli harajatlaryny tölemeklige borçlanýandyklary barada notariusdan kepil haty we terjimesi
  • Orta bilim hakynda şahadatnama (attestat) we kopiýasy
  • 2 pasport we kopiýalary
  • 2 sany surat (5 x 6)
  • 18 ýaşyndan kiçiler üçin ynanç haty (Türkmenistandaky ýa-da Türkiýedäki (ene-atasy Türkiýede bolanlar üçin) notarius tarapyndan taýýarlanmaly. Türkmenistanda taýýarlanan ynanç hatlaryny Türkmenistanyñ Adalat Ministrliginiñ we Daşary Işler Ministrliginiñ tassyklamagy gerek, şeýle hem Ilçihana tarapyndan terjimesi tassyklanmaly)
  • 90 günlük saglyk ätiýaçlandyrmasy

Resminamalaryň terjimesinde Makul Hyzmat Terjime Merkezine +993 63 78 96 73 IMO hasabyndan hem ýüz tutup bilerler.

Ýene-de okaň

Ilçi Demirok: Türkmenistanyň tebigy gazy 1-nji martdan Türkiýä barar

Ata Watan Eserleri

Türkiýe Respublikasyna daşary ýurtdan talyp kabul synagy 60 ýurtda geçiriler

Masud Pezeşkian: Eýran Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga taýýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Tährana sapary başlady

Energetika ministri Baýraktar: türkmen tebigy gazy Türkiýä gelýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Masud Pezeşkiany halkara Liderler forumyna çagyrdy