Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär.
«Talyp karzy» ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara okuw töleglerini tölemek üçin nagt däl görnüşinde, gaýtadan dikeldilýän karz ugry boýunça berilýär.
Karzyň möçberi: 10 müň manada çenli; Göterim derejesi: ýyllyk 8 göterim;
Möhleti: okuw döwrüniň möhletine görä. Karzyň üpjünçiligi hökmünde girew emlägi ýa-da üçünji tarapyň zamunlygy talap edilýär.
Hormatly talyplar we ene-atalar!
«Talyp karzyndan» peýdalanmak üçin bankyň merkezi edarasyna ýa-da onuň islendik şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 44-02-65; 44-03-04.
Şahamçalarymyzyň salgylaryny we telefon belgilerini bankyň resmi www.tnbk.tm
internet sahypasyndan alyp bilersiňiz.
“Makul Hyzmat Terjimeâ€: Intellektual telekeçilik baÅŸlangyçlary
Ãerli we halkara okuw mekdepleri: Ähli habarlar bir ýerde