MEDENIÝET

«Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry geçirildi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry geçirildi. Oňa fakultet tapgyrlarynda ýeňiji bolan gyzlar gatnaşdylar.
Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen bäsleşigiň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlary bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmekden ybaratdyr.
Turuwbaşdan örän gyzykly geçen bäsleşigiň birinji şerti boýunça talyp gyzlar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyryp, ýurdumyzda türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany wasp edip, aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ugur alnyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek boýunça ukyp-başarnygyny görkezmek ikinji şertiň özenini düzdi. Talyp gyzlar özleriniň zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly beýan edip, «Hünärim bar — hormatym bar» atly üçünji şerti ýerine ýetirdiler.
Şeýlelikde, emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, matematika fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Akgözel Ýagmyrowa «Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginiň uniwersitet tapgyrynyň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Ýeňiji gözellik bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Ýene-de okaň

“Aşgabat” we “Ýaşlyk” teleýaýlymlaryna täze ýolbaşçylar bellenildi

Hytaýda Türkmenistanyň medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy geçirilýär

Türkmen döredijilik topary Türkiýede iş saparynda

Dünýäniň iň gymmat toýy: Biber 10 million dollar gazandy

Medeniýet hepdeligi – 2025 Ahal welaýatynda geçiriler

«Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde amerikan agşamy