TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TALYP 2022

Talyp-2022:Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebi 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Gämi sürüjilik.
2. Gämi gurluşygy.
3. Gämi energetiki gurluşlaryny ulanmak.
4. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
5. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.
6. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.
7. Tehnologiki prosesleriň we önümçilikleriň awtomatizasiýasy.
8. Myhmanhana hyzmatlary.
9. Logistikada operasion işi.
10. Maglumaty goramagyň tehnologiýasy we ony goramak.
11. Daşky gurşawy goramak we tebigy miras.

De­ňiz­çi­lik or­ta hü­när okuw mek­de­bi­ne Türk­me­nis­ta­nyň umu­my or­ta bi­lim­den pes
bol­ma­dyk bin­ýat­da bi­li­mi bo­lan, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýat­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň        ne­ti­jele­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär. Oku­wyň möh­le­ti 2-2,5 ýyl. De­ňiz­çi­lik or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de okuw­lar tö­leg­li esas­da al­nyp ba­ryl­ýar.

Resmi iş kagyzlary Türk­men­ba­şy şähe­rin­dä­ki de­ňiz­çi­lik or­ta hü­när okuw mekde­bin­de 2022-nji ýy­lyň 11-nji iýu­ly — 13-nji aw­gus­ty ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (anke­ta);

— bi­limi ba­ra­daky res­mi­na­ma­(asyl nusga­sy);

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan belle­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rin­den, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin tö­le­gi öz wag­tyn­da amal et­me­giň ke­pil ha­ty;

— 3×4 sm öl­çeg­de se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­si­niň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— okuw dersleri boýunça mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­jile­ri, hal­ka­ra  bäs­le­şik­le­re gat­na­şan Türkme­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry         tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mina­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar­lar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­ler, ýo­kar­da gör­ke­zi­len res­mi­na­malar bi­len bir­lik­de, res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we        nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— pas­por­ty­ny;

— har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny ýa-da ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça
har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peýda­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mina­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler. Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we galp resmi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gapkär­çi­lik çek­ýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek «Türk­men­de­ňiz­der­ýa­ýol­la­ry» agent­li­gi­niň Türk­men­ba­şy şä­he­rin­dä­ki de­ňiz­çi­lik or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de (Türk­men­ba­şy ş.) 2022-nji ýy­lyň aw­gust aýy­nyň 16-17-si, 19-y we 20-si gün­le­rin­de
ge­çi­ril­ýär.

Giriş synaglary äh­li hü­när­ler bo­ýun­ça fi­zi­ka, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy
ders­le­rin­den ge­çi­ril­ýär. Okuw ders­le­ri bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň or­ta      mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär. Okuw ders­le­ri bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­nen wagt­da sy­nag­la­ra esas­syz se­bäp­le­re gö­rä ge­lip bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra
goý­be­ril­me­ýär.
Gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýag­da­ýyn­da, bäsleşiksiz we talyplyga
kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bi­lim ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Kanu­ny­nyň re­je­le­nen gör­nü­şin­de kes­git­le­nen düz­gün­le­re la­ýyk gel­ýän da­laş­gär­ler peýda­lan­ýar­lar.

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Türkmenbaşy ş., Döwletmämmet Azady köçesi, 75, tel.: 4-77-78, 4-77-79, 4-75-15.

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

 

Ýene-de okaň

Bakalawr we magistr maksatnamalary barada umumy düşünje

Talyp-2022: orta hünär mekdeplerinde täze hünärler açyldy

Talyp-2022: sanly ulgam boýunça täze ugurlar

Teswirle