27/11/2020 10:42
Home TÄLEÝNAMA Hepdelik täleýnama (26-oktýabr, 1-noýabr)

Hepdelik täleýnama (26-oktýabr, 1-noýabr)

2020-nji ýylyň 26-njy oktýabr, 1-nji noýabr aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Geljek hepdede işleriňiziň we maddy ýagdaýlaryňyzyň has gowulanmagyna itergi berýän şertler artar. Emma munuň üçin ähli bitirilmeli işleriň guramaçysy özüňiz bolmaly. Ýüregiňizde beslän arzuwlaryňyzyň amala aşmagy üçin ähli işlere hyjuwly çemeleşiň. Hepdäniň dowamynda ýakynlaryňyzdan doganlyk elleri uzar, kömek bolar, bu bolsa işleriňiziň has-da rowaçlanmagyna ýardam eder.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Geljek hepde sowur ýyldyzynyň astynda doglanlar üçin biraz akyl hem el zähmetiniň artýan döwri bolar. Tereziniň bir gapdalynda söýgi we agzybirlik, beýlekisinde bolsa wezipe, iş aladalary bolar. Onuň bolsa siziň durmuşyňyzda käbir ownuk-uşak meseleleri ýüze çykarmagy mümkin. Siz olara üns bermäň, maşgala we iş boýunça dörän meseleleri maslahatlaşyp çözseňiz tüýs ýerine düşer.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Geljek hepdäniň dowamynda gazanjak ähli üstünlikleriňiz siziň işjeňligiňize bagly bolar. Şonuň üçin yhlasly we ynamly hereket ediň. Ýalňyşmakdan, töwekgelçilik etmekden çekinmäň. Maksadyňyza, pikirleriňize ynamly bolup, işjeň hereket etseňiz ähli zat ugruna bolar. Işde hem söýgi meselesinde rowaçlyk üçin pursatlar bolar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Geljek hepdäniň dowamynda öz durmuşyňyzda iri taslamalary taýýarlamak, olara badalga bermek maslahat berilmeýär. Şol günlerde seretanlar esasan iş bilen däl-de, saglyk ýagdaýyna has köpräk üns berseler gowy bolar. Iş-aladalaryňy bir gyra süýşürip, tebigatyň gözel ýerlerinde dynç almak, gyzykly kitaplary okamak bilen ýadawlygyňyzy aradan aýyrmak maslahat berilýär

Okap bilersiňiz  Yeni doğalgaz kaynağı bulundu

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Geljek hepdede arzuwlaryňyzyň amala aşmagy üçin gije-gündiz yhlas bilen hereket ediň. Çeken irginsiz zähmetiňiziň netijesi sizi ýakyn günlerde begendirer. Geljek hepdede uly işleri meýilleşdirmäň, çünki size bagly bolmadyk ýagdaýda ýagdaýlaryň üýtgemegi ahmal. Size durmuşyňyzda geljek hepdede şahsy we iş boýunça saparlar garaşýar. Şeýle-de bolsa, dynç almagy hem unutmaň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Geljek hepdede işjeňligiňiz ýokarlanar. yhlasyňyzy zerur hasap edýän işleriňizde görkeziň. Köp wagtdan bäri çözülmeli maşgala meseleleriňizi parasatlylyk bilen çözmek maslahat berilýär. Esasan hem zenanlar üçin bu hepdäniň örän şowhunly we işjeň geçmekligine garaşylýar. Olar geljek hepdede özüne we işine has ünsli bolmalydyrlar. Şonuň netijesinde hem olaryň üstünliklere ýetjekdiklerini ýyldyzlar duýdurýarlar.

Okap bilersiňiz  Hepdelik täleýnama (5-11-nji oktýabr)

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Geljek hepdede ylhamyňyz has-da joşgunly bolar. Siz bu döwürde dostlaryňyzdyr doganlaryňyzyň, ýakynlaryňyzyň ýyly mährini, size bolan hormat-sarpasyny has gowy duýarsyňyz. Bu bolsa siziň işiňizdäki we durmuşyňyzdaky çözmesi kyn bolan meseleleriň çözgüdine hem uly ýardam eder. Durmuş ýoluna ilkinji ädimini äden ýaşlara bolsa ýyldyzlar söýgi tanyşlygyny wada berýärler.

Okap bilersiňiz  Hepdelik täleýnama (16-22 awgust)

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Geljek hepdede durmuşyňyz durnukly bolar. Ýöne, şeýle-de bolsa, käbir wakalar sizi pikirlenmäge mejbur eder. Muňa bolsa dostlaryňyz bilen gatnaşygyňyz, maşgala, iş meseleleri sebäp bolar. Şonuň üçin şahsy hem-de iş, maşgala aladalaryňyzy aradan aýyrmak üçin yhlas ediň. Wagtyňyzyň köp bölegini maşgalaňyzyň we dost-ýarlaryňyzyň arasynda geçiriň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)     

Geljek hepdäniň siziň üçin hiç zada ýetişilmeýän döwür ýaly bolup duýulmagy mümkin. Ýöne, şeýle-de bolsa, ähli zada ýetişjek boluň. Tijeniň. Çagalaryňyza ünsli boluň, işde we öýde dörän meseleleri aradan aýyrmak üçin alada ediň. Eger ýetişmejek bolsaňyz, käbir işleriňizi soňa goýmaga taýýar boluň. Tebigatda dynç almagy hem unutmaň.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Jedi ýyldyzynyň astynda doglanlar üçin geljek hepdäniň gyzykly wakalary ýüze çykar. Siziň başlan ähli işleriňiz takyklygy we erkinligi talap eder. Nämäni isleseňiz, şol hem hasyl bolar. Bular ýaly amatly pursatdan akylly-başly peýdalanmagyňyzy maslahat berýäris. Gereginden artyk hereket etmekden saklanyň we ýakynlaryňyzyň isleglerini hem göz öňünde tutmagy unutmaň.

Daluw (gowa 21.01-20.02 )

Geljek hepdäniň dowamynda ähli işleriňizi bir gapdala goýup, dynç almaklyk size maslahat berilýär. Sizi birahatlandyrýan, ünsüňizi bölýän zatlardan el çekiň. Işiňizdäki ýa-da maşgala ýagdaýyňyzdaky ýüze çykýan käbir aladalaryň sizi durmuşdan çetleşdirmegine ýol bermäň. Ähli meseleleri dostlaryňyz bilen maslahatly çözseňiz ýalňyşmarsyňyz.

Okap bilersiňiz  Google : “Sanly Hindistan” üçin 10 milliard dollar

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Geljek hepdede käbir işleriňiziň amala aşmazlygy mümkin, gynanmaň. Bu döwürde geljek maliýe tekliplerine çynlakaý çemeleşiň. Şahsy durmuşyňyz barada aladalanmaň, ähli zat ugruna bolar. Işjeň hereketleriňiz size abraý getirer. Dostlaryňyzyň käbir çözülmedik meselelerine ýardam ediň, ýagşylyk unudylýan däldir. Dostlaryňyz bilen ýakyn gatnaşykda boluň.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin.

Janyňyz sag, işiňiz ugryna bolsun!

Okap bilersiňiz  Hepdelik täleýnama (14-20 sentýabr)
makyl hyzmat terjime

Hormatly Okyjylarymyz, her bir ýyldyzlar barada giňişleýin maglumat almak isleýän bolsaňyz, onda, aşakdaky linkleri ýeke-ýeke okap bilersiňiz!

Guzy :Müneçjimleriň aýtmagyna görä….Size gowulyk garaşýar

Sowur (Öküzçe)

 

Bilesigeliji Ekizekler (Jöwza) kimler?

 

Duýgur leňňeçler kimler

 

Maksadaokgunly Esetler kimler

 

Owadan Sünbüleler kimler

 

Şadyýan Tereziler kimler

 

Ugurtapyjy akraplar  kimler

 

Öňdebaryjy Kowuslar kimler

 

Sabyrly Jediler (Owlak) kimler

Döredijilikli Balyklar kimler

 

Hepdelik Täleýnamalary  we beýleki habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň! Ýa-da Google Plaý-dan “Atavatan Turkmenistan” gözleg edip bilersiňiz.

 

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň senesi belli boldy

Hormatly Pezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Aşgabat şäherinde welotrek boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek babatda degişli resminama kabul edildi.
Okap bilersiňiz  Yeni doğalgaz kaynağı bulundu
Halklaryň arasynda dost-doganlygy,...

Nebit guýylarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçiligine ornaşdyrmak arkaly nebit guýylarynyň önüm berijiligini...

Banklardan karzlary onlaýn almagyň tertibi ýola goýlar

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady...

Döwürleýin neşirleriň elektron ulgama geçmegi çaltlandyrylar

Ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek barada degişli işler alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça taýýarlanan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistan Owganystandaky taslamalara 1,250 milliard dollar goýberdi

Ženewa şäherinde Owganystan boýunça ýokary derejeli Maslahatyň plenar mejlisiniň barşynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Dabarada çykyş etmek bilen, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad...

Türkmen-rus gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň milli bölekleriniň ýolbaşçylarynyň - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň...

Men seniň ädimleriňe garaşdym…

Talyplyk ýyllarymda institutymyzda bir gyzy gowy görýärdim.Onuň ýylgyryşy we bakyşy meni maýyl edýärdi. Her gezek göremde meniň ol gyza bolan söýgüm has-da möwjeýärdi. Onuň...

Türkmenistanyň Baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanjak konsert

2020-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Türkmenistanyň halk artisti Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, halypa kompozitor Rejep Rejebowyň...