30/10/2020 11:47
Home TÄLEÝNAMA Hepdelik täleýnama (12-18-oktýabr)

Hepdelik täleýnama (12-18-oktýabr)

Öňümizdäki hepde sünbüle, hamal ýyldyzlary astynda doglan adamlaryň durmuşynda ýatda galyjy, täsirli wakalara baý bolar. Hut, sowur, eset we akrap ýyldyzy astynda doglanlaryň işlerinde üstünlikler garaşýar.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Geljek hepde hamallar üçin rysgally bolar. Hamallaryň özlerine bolan ynamy artar. Hepde dynç almak, uzak ýerlere sapara gitmek üçin hem amatlydyr. Hepdäniň wakalary hamallara täze, ýakymly duýgulary bagyş eder. Bu möhlet hojalyk işleri bilen meşgullanmak, garyndaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek üçin hem amatlydyr. Hamallar geljek  hepdede  şahsy ýa-da iş meselelerini kärdeşlerine ynanyp bilerler.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Geljek hepdede sowurlaryň işi köpeler. Maşgalada, hünär, wezipe babatda-da işleri ýetik bolar. Hepdäniň ahyrynda olar öýlerinde abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmäge, hojalyk harytlaryny satyn almaga we öý bezeglerini döwrebaplaşdyrmaga höwesli bolarlar. Hepdäniň başynda iş, wezipe orunlarynda nämedir bir täzelik etmäge çalyşmaň, ilki bilen, gowy dynç almagyňyz gerek.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Geljek hepde jöwzalaryň durmuşynda möhüm wakalar bolup geçer. Eger jöwzalar dynç alman işlemegi ýüregine düwen bolsalar, onda işe bolan adaty garaýşyny üýtgedip, oňa täzeçillik girizip bilerler. Hepdäniň ahyrynda bu ýyldyzyň astynda doglanlara ýakymly duşuşyklar garaşýar. Öňümizdäki hepde olar ozalky ýeten derejelerini saklamaga çalyşmalydyrlar. Olaryň maliýe ýagdaýlary durnukly bolar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Okap bilersiňiz  Hepdelik täleýnama (23-29 awgust)

Geljek hepde seretanlar üçin dartgynly bolar. Olara  öýde-de, işde-de öz diýenleri boýunça hereket etmek ýeňil düşmez. Hepde olara dynç almak üçin amatly. Şonuň üçin ýyldyzlar seretanlara gözel ýerlere syýahat etmegi duýdurýarlar. Boş wagtyňyz gowy görýän işleriňiz bilen meşgullanyň. Şeýle hem maşgala meselelerini çözmäge wagt tapyň, öýleriňizde abatlaýyş işlerini geçiriň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Geljek hepde esetler üçin wakalara baý bolar. Wagtdan, döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyň. Güýç we serişde toplaň. Ozaldan galan meseleleriňizi çözüň, geljek işleriňiz üçin pikiriňizi jemläň. Hepdäniň ikinji ýarymynda esetler töwekgel we oýlanyşyksyz hereketlerden saklansalar gowy bolar. Uzak ýerlere syýahat we iş saparlaryna gitmegi soňa goýuň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Geljek hepde sünbüleler üçin özgerişlikleriň we täzelikleriň döwri bolar. Beden maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmek we sport bilen meşgullanmak olaryň beden taýdan sagdyn bolmagyna getirer. Geljek hepdede sünbülelere kämilleşmek üçin mümkinçilikler açylar. Olar köpräk zähmet çekmeli bolarlar. Geljek hepdede sünbülelere jaý satyn almak ýaly wakalar garaşýar.

Okap bilersiňiz  Sabyrly Jediler (Owlak) kimler

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Geljek hepdede dörän ýagdaý mizanlary öz täsirinde saklar. Sabyrly boluň. Hepdäniň ikinji ýarymynda kärdeşleri bilen dörän gatnaşyklar mizanlary oýlanyşmaga mejbur eder. Dörän ýagdaýdan dogry baş alyp çykmak üçin duýgularyňyz bilen däl-de, akyl-paýhasyňyza görä hereket ediň. Hepdäniň ikinji ýarymynda mizanlaryň wezipe, iş orunlarynda täzeligiň bolmagy ahmal.

Okap bilersiňiz  Dünýäniň iň gymmat goýuny 490 müň dollara satyldy

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Geljek hepdede Akraplar ähli güýjüni özgeleriň tejribelerini öwrenmäge gönükdirmelidirler. Bu olara tiz wagtdan gerek bolar. Daş-töwerekdäkiler bilen jedelli ýagdaýlaryň ýüze çykmazlygy üçin  gyssagly hereket etmeli däl. Hepdäniň birinji ýarymy hususy telekeçilik açmak isleýän akraplar üçin amatlydyr. Saglygyňyza ünsli boluň, sport bilen köpräk meşgullanyň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)         

Geljek hepdede kowuslara dynç almak, döretmek, gezelenç etmek ýaly ýakymly pursatlar garaşýar. Geljek hepde olara maşgala bagtyny duýup ýaşamak ýaly duýgulary bagyş eder. Hepdäniň ahyry işewürlik we bähbitli şertnamalar baglaşmak üçin amatlydyr. Geljek hepdede ýyldyzlar kowuslara pul bilen bagly gümürtik işlerden daşda durmagy duýdurýarlar.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Geljek hepde hemişe bolşy ýaly, jediler hem birbada birnäçe işe ýetişmekçi bolarlar. Täze tanyşlyklar, duşuşyklar, köne meseleleri öwrenmek ýaly aladalar bolar.  Sabyrly boluň, dynç alyň. Suwda ýüzmek sizi rahatlandyrar. Maşgalaly jedileriň durmuşynda ýakymly täzelikler, bagtyýar pursatlar, begençli wakalar kän bolar. Hepdäniň ahyry jediler üçin has-da ýakymly bolar.

Daluw (gowa 21.01-20.02 )

Geljek hepde daluwlar üçin şowly bolar. Ylhamlaryň joşmagy, ýakymly täzelikler, täze tanyşlyklar, köne dostlaryňyz bilen duşuşyklar sizde ýakymly täsirleri döreder. Şeýle hem geljek hepde daluwlar üçin garaşylmadyk sowgatlaryň, başdan geçirmeleriň, gowulyga tarap üýtgeşmeleriň başlanýan döwri bolar. Daluwlaryň maddy-üpjünçilik ýagdaýy geljek hepdede durnukly bolar.

Okap bilersiňiz  Arzuwçyl Daluwlar kimler

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Geljek hepde hutlaryň durmuşynda ykbal öwrülişikli döwür bolar. Olaryň ykbalynda möhüm özgerişlikleriň bolmagy ahmal. Hutlaryň göwnüne bolmasa, geljek hepde dünýäniň bar meselesi öz başlaryna düşen ýaly bolar. Hutlar üçin iň gowusy bu möhleti hysyrdylardan daşrakda, rahatlykda geçirmekdir. Ýyldyzlar hutlara tygşytly bolmagy maslahat berýär.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin.

Janyňyz sag, işiňiz ugryna bolsun!

Okap bilersiňiz  Hepdelik täleýnama (14-20 sentýabr)

Hormatly Okyjylarymyz, her bir ýyldyzlar barada giňişleýin maglumat almak isleýän bolsaňyz, onda, aşakdaky linkleri ýeke-ýeke okap bilersiňiz!

Guzy :Müneçjimleriň aýtmagyna görä….Size gowulyk garaşýar

 

Sowur (Öküzçe)

 

Bilesigeliji Ekizekler (Jöwza) kimler?

 

Duýgur leňňeçler kimler

 

Maksadaokgunly Esetler kimler

 

Owadan Sünbüleler kimler

 

Şadyýan Tereziler kimler

 

Ugurtapyjy akraplar  kimler

 

Öňdebaryjy Kowuslar kimler

 

Sabyrly Jediler (Owlak) kimler

Arzuwçyl Daluwlar kimler

Hepdelik Täleýnamalary  we beýleki habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Bulary hem okaň!

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

 

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň agentlikleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar...

Gadymy söýgi haty

Entek hat ýazuwyň ýok mahalynda habarlary hem-de wakalary şekilleriň üsti bilen mälim edilýän gadymy döwürde hem ýigit bilen gyzyň arasynda söýgi haty bolupdyr. Alymlar...

Söýgüniň güýji we ölmeýän söýgi

Meniň pikirimçe söýgi -bu adamy synagdan geçirýän iň bir ajaýyp duýgularyň biridir. Ol öwgi aýdymlary aýdylýan we asyrlar boýy her dürli rowaýatlardyr, hekaýalary özünde...

Daşyndan açylmaýan gapy

(hekaýa) “Gyzly öýe kyrk at baglanar”  “Paýhas çeşmesi” Ir döwürlerde bir ýurduň patyşasynyň ýekeje gyz perzendi bolupdyr. Patyşa gyzy üçin bir owadan köşk gurdurypdyr. Ýöne, ol köşküň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Raýan Reynoldsyň meşhur filmleri

Dört doganyň iň kiçisi hökmünde 1976-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Kanadanyň Wankuwer şäherinde doglan Raýan Reynolds karýerasyna 2004-nji ýylda “Blade Trinity” filmi bilen başlady. Soňky...

Türkmenistanda konsullyk tassyklamalary onlaýn amala aşyrylar

Türkmenistan konsullyk ýazgylarynda hasaba almak işini onlaýn tertibe geçirmek babatda aýgytly ädimi ätmekçi. Häzir Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi konsullyk hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak we resminamalary tassyklamagy...

Gurşun zäherlenmesiniň öňüni alyş halkara hepdeligi

2020-nji ýylyň 25-31-nji oktýabry gurşun zäherlenmesiniň öňüni alyş halkara hepdeligii bellenilip geçilýär. Bu barada ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasynyň sosial mediýa torunda hem bellenilip geçilýär. Gurşun adam...

Russiýa koronawirus sanjymynyň önümçiligini giňelder

“Sputnik V” koronawirus keseline garşy sanjymyny öndürmäge üçünji rus kompaniýasy hukugyny aldy diýip, Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrligi habar berýär. Bu sanjymy Gamaleýa merkeziniň...