Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem halkara we sebit syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Söhbetdeşler iki ýurduň syýasy gatnaşyklarynyň işjeň häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede, ilkinji nobatda, abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli berkidilýär. Döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklar hem okgunly ösdürilýär. Köp babatda muňa Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň işi ýardam edýär. Medeni, ylym we bilim ulgamlarynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk iki döwletiň halklarynyň ýakynlaşmagynyň, olaryň arasyndaky özara düşünişmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täjigistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge, ony okgunly ösdürmäge we hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklap, bilelikdäki tagallalar arkaly döwletara gatnaşyklaryň türkmen we täjik halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz dostlukly döwletiň Baştutanyna ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Täjigistanyň Prezidenti öz dogany, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Täjik metbugatynda orun alan habara görä, Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti, hormatly Serdar Berdimuhamedowy Täjigistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.