DÜNÝÄ

Täjigistanyň Prezidenti Italiýa ilkinji resmi saparyny amala aşyrýar

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Italiýa we Watikan döwletine özüniň ilkinji resmi saparyny amala aşyrýar. Emomali Rahmon Duşanbe şäheriniň halkara howa menzilinden Italiýa gitdi.

Saparyň dowamynda geçiriljek gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar.

Täjigistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň maglumatyna görä, 2023-nji ýylda Täjigistan Italiýa umumy bahasy 15 million dollarlyk haryt eksport etdi, şol döwürde importuň möçberi 33 million dollara golaýlady. 2023-nji ýylda haryt dolanyşygy 12.5 göterim artdy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Fransiýanyň milli güni bellenildi

Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda

Türkmenistan bilen Türkiýe Ýewropa bazaryna girmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Ženewada WIPO agza ýurtlaryň Assambleýasynyň 65-nji mejlisi geçirilýär

Muttaki: TOPH taslamasy üçin ähli tagallalary ederis