TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY

«Täjibaý» käninden täze tebigy gaz akymy alyndy

«Täjibaý» käninden günlük debiti 400 müň kub metrlik tebigy gazyň senagat akymy alyndy.

Garagum sährasynyň geljegi uly meýdançasynda gözleg guýusyny «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri üstünlikli işläp taýýarladylar. Täze guýynyň öndürijilikli plasty 3700 metr çuňlukda ýerleşýär.

«Türkmengeologiýa» DK-nyň ygtyýarynda — buraw işleriniň tizligini we hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän ýokary öndürijilikli enjamlardyr tehnikalar bar.

Lebap welaýatynyň günortasynda ýerleşen «Täjibaý» täze gaz käni 2019-njy ýylyň dekabrynda ulanyşa girizildi. Bu ýerde «mawy ýangyjy» senagat taýdan çykarmak işini «Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap gazçykaryş müdirliginiň hünärmenleri alyp barýarlar. Ilkinji ulanyş guýusyndan eýýäm onlarça million kub metr gaz alyndy. Ýakyn ýyllarda promyselde tebigy gazyň çykarylyşy täze ulanyş guýularyny işe girizmegiň hasabyna düýpli artar.

2019-njy ýylyň oktýabrynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2019» halkara maslahatynda habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleri 71 milliard tonna nebit barabarlygynda bahalandyrylýar, şolardan 20 mlrd tonna nebit we 50 trln kub metrden gowrak tebigy gaz. Gaz ätiýaçlygy boýunça iň irisi 27,4 trln kub metr gazy bolan «Galkynyş» käni bolup durýar.

Ýene-de okaň

Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini ÝUNESKO-nyň sanawynda

Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Aýyň täleýnamasy: Dekabr

Ata Watan Eserleri

02-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda amala aşyrjak taslamalary

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Katar-2022: Ýaponiýa pleý-off tapgyrynda, Germaniýa öýüne dolandy

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Teswirle