Ençeme kinolarda oýnan 90 ýaşly meşhur aktýor Maks Won Sydow Fransiýada öz öýünde aradan çykdy. Bu aktýor diňe bir bu filmde ýer alman, eýsem “Ýyldyzlaryň urşy” atly filminde hem çykyş edipdi. Onuň aýaly bu aýralygyň özüne agyr degendigini habar etdi.
Maks 2016-njy ýylda “Tagtlaryň oýuny” filmindäki üç gözli Raweniň keşbi boýunça “Primetime Emmy” baýragyna eýe bolupdy. Ol Golliwudyň ençeme kinorežissýorlarydyr aktýorlary bilen işleşdi. Won Sydow şwesiýaly kinorežissýor Ingmar Bergman bilen “Ýabany ýertudanalary” (1957) we “Ýaşajyk ýaz” (1960) atly filmlerininiň üstünde bile işleşdiler.
Maks 2002-nji ýylda Şwesiýanyň raýatlygyndan çykyp, Fransiýanyň raýatlygyna geçýär. Ol iki gezek iň gowy aktýor hökmünde “Oskar” baýragyna mynasyp boldy.