JEMGYÝET

Sözden peýda ýok

Bilinmese çyn yhlasyň gadyry

Ýaňrap oturmaga sözden peýda ýok

Datsyz bolsa wah nygmatyň hödüri

Iýdigiň nahardan duzdan peýda ýok

 

Köpe ymtyl hiç babatda azalma

Mertlik eýle mekirlikde agzalma

Buýup başarmasaň gyşyň aňzagna

Ýagyşdan ýagmyrdan ýazdan peýda ýok

 

Göz ýaş dertdir ýersiz ýere aglasaň

Ýene ýagşy herne bir zat aňlasaň

Goşa taryň keremini aňmasaň

Ählisi meňzeşdir sazdan peýda ýok

 

Adalata gönükdirgin yhlasyň

Gursagyňdan aýrylmasyn ygraryň

Dogry dosta sataşmasa ykbalyň

Tanyşlykda ondan, ýüzden peýda ýok

 

Hasyla azap çek tohumyň sünçde

Açyş ýatsyn her edilen ökünçde

Ýesir olsaň ýersiz galyp bir künçde

Daglardan, deňizden, düzden peýda ýok

 

Şahyr aýdar gulak goýgun bu emre

Duýsaňu-duýmasaň bolmawer ýaňra

Hakykaty görüp bilmäňden soňra

Akyldan, ýürekden, gözden peýda ýok.

 

Abdyrahman Orazmämmedow

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistandan Hyrada iberilýän elektrik energiýasy 120 megawata çykaryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy gruzin diline terjime edildi

Türkmenistanyň Mejlisinde ABŞ-nyň ilçisi bilen tanyşlyk duşuşygy

Türkmenistanda pagta ýygymyna badalga berildi

Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi