30/11/2020 7:07
Home SYÝAHATÇYLYK Türkmenistanyň halkara howa gatnawlarynyň we daşary ýurt raýatlarynyň gelmeginiň möhleti

Türkmenistanyň halkara howa gatnawlarynyň we daşary ýurt raýatlarynyň gelmeginiň möhleti

Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ýiti ýokanç keselleriň ýurduň çägine girmeginiň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň döwlet serhetlerinden ýurduň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň hem-de raýatlary bolmadyk adamlaryň geçmeginiň çäklendirmeginiň möhleti 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli çäklendirildi. Bu barada “orient.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Şeýle hem bu habarda aýratyn kabul edilen kararlardan başga halkara howa, deňiz, demir ýol we awtomobil gatnawlarynyň çäklendirmegi degişli döwre çenli dowam etjekdigi bellenilýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanda metjitlerde we zyýarathanalarda köpçülikleýin çäreleriň guramagyň çäklendirme möhleti 2020-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli uzadyldy.

Durmuş hyzmatlary ulgamyndan dellekhana we tikinçilik atelýeleriniň möhümdigi göz öňünde tutulyp, şeýle kärhanalaryň işine 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli rugsat berilýär. Dellekhanalar we tikinçilik atelýeleri sanitar-gigiýena talaplaryny berk berjaý etmek şerti bilen 09:00-dan 20:00-a çenli işläp bilerler.

Ozal habar berişimiz ýaly, Türkmenistanda otly hem-de şäherara awtoulag gatnawynyň 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli togtadylýandygy mälim edilipdi.

Ozal 1 aý dowam edýän çäklendirmeleriň möhleti soňky habarlara görä, 2 aýa çykarylyp, 2020-nji ýylyň ahyryna çenli dowam edýär.

Okap bilersiňiz  Monreal — jahankeşdeleriň söýgüli şäheri

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Russiýadaky wekilhanasy https://turkmenistanairlines.ru internet saýty her aýyň 29-30-njy güni halkara howa gatnawlarynyň ýagdaýy barada habar berýärdi. Entek bu internet sahypasyndan habar ýerleşdirilmedi.

Okap bilersiňiz  Rekord uçuş amala aşyryldy

IŇ TÄZE HABARLAR

Saýlaw möwsümi başlaýar : Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.
Okap bilersiňiz  Türkmenistanda otly gatnawlarynyň çäklendirmeleri 31-nji iýula çenli uzaldyldy
Oňa Merkezi...

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Jozef Baýdene Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny...

“Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris. 1.10. Ady agzalan türkmen romanyndaky “Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda gysgajyk maglumat Sagdyn düşünje sapaklaryna geçmezden...

Intellektual Telekeçi: Peýdaly bolýan wagtyň gazanmak

Gazanç  gazanmak maksady bilen biznese baş goşýan, bazardaky haýsyda bolsa bir  kemçiligi aradan aýyran we töwekgelçilik eden şahsa telekeçi diýilýär. Telekeçilik işini ýa-da bu...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Bitaraplyk sahypamyz öz işine başlaýar

Şu günler Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Kararnamasy bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny belleýär. “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Diýarymyzyň...

“Google” kompaniýasy Hindistana aralaşýar

“Google” kompaniýasy Hindistanda hereket edýän “ShareChat” sosial media platformasyny satyn alar. “Economic Times” metbugatynyň habaryna görä, “Google” kompaniýa “ShareChat” sosial media platformasyny 1 milliard...

Goşgular : Derwüş, Ýene, ýene, ýene Güýz we…

Derwüş  Ýyllar geçdi gitdi, ýaşyň goýaldy
Okap bilersiňiz  “Migrasiýa hakynda”: Kanuna goşmaçalar we üýtgetmeler
Ýok umydyň, näzik duýgular galdy Seniň gözleriňden syrygan gözýaş Ýöne möne däldi...   Ol syrly juda, hem derdiň seriňden aşypdy derwüş Dünýäň o çetinde men...

Türkmenistan sebit we global ekologiýa meselelerine aýratyn ähmiýet berýär

«Merkezi Aziýa-Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisiniň barşyndaky çykyşynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Türkmenistanyň ekologiýa ugry boýunça nukdaýnazaryny beýan etdi. Mälim bolşy ýaly, ekologiýa howpsuzlygy «Merkezi...