25/01/2021 22:08
Home SYÝAHATÇYLYK Russiýanyň paýtagtynda türkmen restorany açyldy

Russiýanyň paýtagtynda türkmen restorany açyldy

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäheriniň ýaşaýjylary we onuň myhmanlary Täze ýyl dynç alşynyň dowam edýän günlerinde golaýda Moskwa şäherinde açylan “Aşgabat” atly restoranda türkmen tagamlaryny dadyp görmek mümkinçiligine eýe bolýarlar. Bu barada www.turkmenistan.ru internet neşirinde bellenilip geçilýär.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, aslynda, bu häzirki wagtda adaty türkmen aşhanasyny dadyp boljak köp millionlyk metropolda ilkinji we şu wagta çenli ýeke-täk jemgyýetçilik naharhanasydyr. Moskwada gündogar aşhanasyny halaýanlara dürli tagamlary hödürleýän köp sanly kafe we ​​restoran bar. Ýöne diňe Aşgabat restoranynda türkmen tagamlarynyň naýbaşysy bolan dogramanyň datmak bolar.

Şeýle hem restoranda çorba we unaş ýaly tagamlar hem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Mundna başga-da, etden taýýarlanýan hamyrly tagamlar: manty, börek, somsa we fitçi ýaly tagamlar hem rus raýatlarynyň saýlap biljek gowy tagamlary bolup durýar.

Moskwanyň metrosyndan hem-de şäher merkezinden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän restoran Russiýanyň paýtagtyndaky ýaşaýan ildeşlerimiz üçin hem türkmen desterhanynyň tükeniksiz tagamlary bilen naharlanmaga mümkinçilik döredýär. Amatly zallar bir wagtyň özünde köp sanly myhmany kabul edip bilýär, sargyt esasynda hem eltip bermek hyzmaty bar.

Okap bilersiňiz  Lukmançylyk üçin niýetlenen tiz kömek dikuçary satyn alynýar
Okap bilersiňiz  Raýatlarymyz ýurdumyza getiriler: Çäklendirmeler we möhletler

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Lempardyň tälimçiligi tamamlandy

Angliýanyň “Çelsi” toparynyň baş tälimçisi Frenk Lempard wezipesinden boşadyldy. Bu barada toparyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär. Bu toparyň düzüminde oýnap, ençeme kuboklary gazanan 42...

Bilim-ösüşiň çeşmesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle-de bu pudagyň binýatlyk esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdyň...

Döwlet muzeýinde sergi geçiriler

Türkmenistanda bellenilýän şanly senelere Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem öz goşandyny goşýar. Muzeý 27-nji ýanwarda belleniljek Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan goragy mukaddesdir»...

Türkmenistanly talyplara Hindistandan teklip

Türkmenistanly talyplara Hindistanda hereket edýän bilim maksatnamalarynyň ikisi boýunça okamak teklip edilýär. Olar Hindi tehniki  we ykdysady hyzmatdaşlygy (ITEC) we Hindi medeni geňeşiniň (ICCR) maksatnamalarydyr. Bular...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Pirlonyň 1-nji, “Ýuwentusyň” 9-njy Superkubogy

Italiýanyň güýçli toparlaryndan “Ýuwentus” topary 9-njy gezek ýurduň naýbaşy kubogyny gazandy. Italiýanyň Superkubogyny gazanmak ugurndaky ýaryşyň finalynda “Ýuwentus” bilen “Napoli” toparlary duşuşdy.
Okap bilersiňiz  Lahti ― 2021-nji ýylda «Ýewropanyň ýaşyl paýtagty»
“Ýuwentus” topary Kristiano...

Akmuhammet Hanow: Bagtyma şaýat bolan Sungat

Ykbalyň ynsana eçilen tebigy baýlygy onuň zehinidir. Tutumly toýlaryň, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklaryň, teletomaşaçylaryň, radio deňleýjileriň göwün guşuny ganatlandyrýan ynsanlar bolsa ýürekden çykýan aýdymlary bilen...

Harby mekdepleri okuwa çagyrýar

Ýurdumyzyň “Türkmenistan” gazetinde harby mekdeplere okuwa kabul edişlik barada bildiriş çap edilipdir. Hususan-da şol bildirişde şeýle diýilýär. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine 2021-2022-nji okuw...

Konor Makgregor – Dastin Porýe tutluşygy

24-nji ýanwardan 25-nji ýanwara geçilýän gijede Abu-Dabi şäheriniň ýörite Söweş adasynda “UFC 257” atly ençeme söweş tutluşyklary geçiriler. Merkezi tutluşykda Konor Makgregor bilen Dastin...