TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Syýahatçylyk asgynlaýar…

2020-nji ýylyň birinji ýarymynda Ýer ýüzünde syýahatçylaryň sany 65 göterim, olardan gelýän girdeji bolsa 460 milliard dollar azaldy. Bu barada BMG-niň Bütindünýä syýahat guramasy (UNWTO) habar berýär.

«Şu ýyl geçen ýylkydan 440 million syýahatçy azaldy. Munuň özi 2009-njy ýyldaky bütindünýä krizis döwründäki görkezijiden hem bäş esse pesdir» diýlip, guramanyň habarynda aýdylýar.

Aýdylyşyna görä, Aziýa — Ýuwaş umman sebitleri iň köp zyýan çeken ýerlerdir. Ýylyň ilkinji alty aýynda dünýäniň bu böleklerine gelýän syýahatçylar ozalkysyndan 72 göterim azaldy. Bu babatda ikinji orunda Ýewropa (-66%), üçünji orunda Afrika bilen Ýakyn Günbatar (-57%) bar.

Guramanyň habar berşine görä, diňe sentýabr aýynda dünýä döwletleriniň 55 göterimi syýahatçylyga çäklendirmeleri girizdi. Indiki ýyl bu çäklendirmeleriň ýatyrylmagy bilen, syýahatçylygyň ýene-de ýaýbaňlanyp başlajakdygyna ynanýan gurama onuň 2019-njy ýyldaky derejesine gelmegi üçin 2,5-dan 4 ýyla çenli wagt gerek bolar diýip çaklaýar.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

“Green Card” (Grin Kard) -2024: Senenamasy Yglan edildi

Baş Redaktor

“Green Card” (Grin Kard) boýunça resminamalar kabul edilip başlandymy?

Baş Redaktor

Dünýäde 150 million dozadan gowrak “Sputnik V” sanjymy ulanyldy

Teswirle