DÜNÝÄ

Synagyň ikinji ädimine geçildi

Oksford uniwersitetiniň alymlary tarapyndan tapylan koronowirusa garşy melhemi synagdan geçirmek boýunça ikinji ädime geçildi. Aýdylyşy ýaly, bu ädimde derman 10 260 adamda synag ediler.

Bütin dünýäniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan dermanyny taýýarlamak işine «AstraZeneca» atly derman önümçiligi kompaniýasy hem gatnaşýar. Ikinji ädimde synag ediljek adamlar 5 ― 69 ýaş aralaryndaky adamlar bolar.

Nobatdaky ädim barada taslamanyň ýolbaşçysy, uniwersitetiň professory Andrew Pollard «Synag işleri üstünlikli dowam edýär. Ikinji ädimde dermanyň bedeni koronowirusdan gorap bilijilik ukybyny has giň gerimde synag ederis» diýip, maksatlaryny beýan etdi.

Eger synaglar üstünlikli geçse, «AZD1222» diýlip atlandyryljak dermanyň birbada 400 million ölçeginiň öndüriljekdigi habar berildi. Öňümizdäki ýylda bolsa bu dermandan ýene-de 1 milliard ölçegini öndürmäge mümkinçilik dörär.

Şeýle hem synaglarda oňyn netije gazanylsa, ABŞ hökümeti öndüriji kompaniýany 1,2 milliard dolar bilen sylaglar.

Ýene-de okaň

Migrasiýa ulgamyndaky türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň direktory bilen duşuşdy

Bank ulgamynda türkmen-özbek gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Aşgabatda medeniýet ministrleriniň maslahaty geçiriler

Magtymguly Pyragy Ženewada tanyşdyryldy

Türkmenistandan Owganystana suwuklandyrylan gaz ibermek maslahatlaşyldy