Synag ölçeg enjamlary satyn almak üçin bäsleşik

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy garamagyndaky edaralara aşakdaky lotda görkezilen nusgalyk synag ölçeg enjamlary satyn almak üçin bäsleşik yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Lot — Durmuş şertlerinde ulanylýan gaz hasaplaýjylary barlaýan nusgalyk synag ölçeg enjamlary.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly. Bäsleşik boýunça teklipler bukjada berilmeli.

Bukjada synag ölçeg enjamlaryny satyn almak boýunça işleriň we şol işleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan hyzmatlaryň maliýeleşdirilmegini milli manatda göz öňünde tutmaly.

Bäsleşik teklipleri şu habar çap edilenden soň, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda Aşgabat şäheriniň Oguz han köçesiniň 201-nji jaýynda ýerleşýän «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň binasynda kabul edilýär.

Okap bilersiňiz  “Türkmenhimiýa” döwlet konserni halkara bäsleşik yglan etdi

Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgileri: 95-73-49; 95-73-48, 95-73-47.

 

Täşli Tülegenow: “Ömrüm aýdyma berlen”