Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhy, medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony ýaş nesle ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak we adamkärçilik taýdan terbiýelemekde edebi mirasymyzyň uly ähmiýeti bardyr. Şoňa görä-de, milli mirasymyzy giňden wagyz etmek hem-de öwrenmek wajyp işleriň biri hökmünde kesgitlenildi.
Şygryýetden söz açylanda, ähli ynsanyň göz öňünde ilki bilen, türkmen şygryýetiniň şamçyragy, halkymyzyň şahyrana döredijilik dünýäsiniň soltany Magtymguly Pyragy janlanýar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary bilen ynsan kalbynda müdimi orun eýeledi. Akyldar şahyryň döredijiligi türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygyna öwrüldi. Şahyryň ençeme goşgulary halkymyzyň arasynda nakyllara we atalar sözlerine öwrülip gitdi.
Ýurdumyzda beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna ykjam taýýarlyk görülýär. Munuň özi halkymyzyň öz taryhy – medeni gymmatlyklaryna, edebi mirasyna goýýan belent sarpasyndan nyşandyr.
Bilşimiz ýaly, Magtymguly Pyragynyň dürdäne eserleri umumadamzat paýhasyny özünde jemlemek bilen, çuň many-mazmuna eýedir. Milli Liderimiz Magtymgulynyň türkmen halkynyň adyny dünýä dolduran şahyrdygyny aýdýar.
2014-nji ýylda Magtymgulynyň doglan gününiň 290 ýyllygy hem giňden we dabaraly bellenilip geçildi. Şonda şahyryň goşgulary dünýäniň dürli dillerinde neşir edildi. Olaryň arasynda şahyryň türk, rus, tatar, rumyn, koreý, arap, özbek, azerbaýjan, hytaý dillerine terjime edilen eserleri bar. Indi şahyryň şygyrlary dünýäniň dürli dillerinde ýaňlanýar.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler hem barha giň gerim alýar. Bu şanly senä bagyşlanyp, diňe Türkmenistanda däl, ýakyn-u-alysdaky ýurtlarda medeni çäreler, ylmy-edebi maslahatlar geçirilýär. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň has uludan tutulýandygyndan habar berýär.
Eziz Diýarymyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine belent sarpa goýulýar. Munuň şeýledigini akyldar şahyrymyzyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp geçirilýän dürli çäreleriň, ylmy-amaly maslahatlaryň, Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer»,
«Döwlet guşy», «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eserleriniň üsti bilen hem aýdyň görmek bolýar.
Köpetdagyň belent gerişleriniň etegindäki baýyrlykda Magtymguly Pyragynyň bina edilýän medeni-seýilgäh toplumy we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy häzirki zamanyň ösen binagärlik çözgütlerine kybap gelýär. Bu toplum akyldar şahyryň äleme nusgalyk şygryýet dünýäsi ýaly ajaýyp bolar, onda türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän çuň taryhy kökleri, häzirki döwürde bitirilýän asylly işleriň belentligi öz beýanyny tapar.
Magtymguly Pyragy pähim-paýhasa eýlenen şahyrana döredijiligi bilen dünýä edebiýatynyň hazynasyny baýlaşdyrdy. Şahyryň döredijiligi, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň asylly ýörelgesi, watansöýüjilik baradadyr. Magtymguly Pyragynyň baý hem-de gymmatly edebi mirasynyň, dünýewi garaýyşlarynyň, filosofiki pikirleriniň, halkyň milli dünýägaraýşynyň kemala gelmegindäki edebi hyzmatynyň Garaşsyzlyk döwrüniň ylmy nazaryýeti esasynda öwrenilmegi wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. Şahyryň döredijiliginde watançylyk, agzybirlik, berkarar döwlet gurmak meselesi has işjeň şöhlelendirilýär.
Arazdurdy Aýtgeldiýew, Türkmenistanyň Serhet institutynyň uly mugallymy.