TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Süýt almak üçin baryp, 1 million dollar utdy

Amerikaly bir adam çagalaryna süýt almak üçin söwda merkezine giripdi. Ýöne ol merkezden eli süýtli däl-de, 1 million dollarly çykdy. Has takygy, onuň bijesi şunça puly utdy. Bagtly kaka serişdäni utuşa sebäp bolan çagalaryna bagyşlamakçy.Has takygy, bu bagtly kaka ABŞ-nyň Wirjiniýa ştatynda ýaşaýar. Onuň ady Dennis Willogbi. Utuşdan 1 million dollar çykan söwda merkezi bolsa «7-Elewen» diýlip atlandyrylýar.Bu utuşly bije Wirjiniýa lotoreýasy tarapyndan goýlupdy. Willogbi «1 million dollar Platin Jekpot» atly utuş peteginden iň ýokary baýragy utandygyny habar berdi. Edil şol gün şol mukdardaky baýraga başga bir adam hem mynasyp boldy. Ýöne dünýä metbugatynda heniz onuň mynasyp bolan baýragyny almaga gelmändigi aýdylýar.«Wirjiniýa Lotoreýasy» tarapyndan berlen beýanata görä, 1 million 632-den bir adamyň bu baýragy utmak mümkinçiligi bar.Ýerli metbugatyň ýazmagyna görä, Willogbi mynasyp bolan pul baýragyna birbada ynanmady. Ýöne söwda merkeziniň işgärleri onuň görýänleriniň hakykatdygyny aýtdylar. Ol bu baýragyň esasy sebäpkäri hökmünde çagalaryny görkezýär. Şonuň üçin hem Willogbi serişdäni çagalary üçin peýdalanmakçy.

 

Türkmenistan-BSGG: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle