HEKAÝALAR

Süýji düýş

                                                                                              Hekaýa

Gyzjagaz entek okuwa gidenok. Enesiniň aýtmagyna görä ol, haçan-da towşanlar çöpe girip ugrandan soň gitmeli. Oňa bolsa entek ellenmän ýatan üç aý bar. Ýöne gyzjagaz okuwa gitmedigem bolsa, harplaryň hemmejesini bäş barmagy ýaly bilýr. Ony enesi kitap açdyrman öwretdi. Ol beýle bir kynam däl, ýöne oň üçin janly tebigatyň – sähralaryň dilini öwrenmeli. Öwrenseň bolsa, sen sähralar bilen biri-biriň ýaly gepleşip bilýäň. Şonuň üçin gyzjagaz her gün irden turup, göni maňlaýlaryndaky beýge – Akmaňlaýyň üstüne çykýar.

Akmaňlaýyň üsti bolsa yzdan doly. Ol gyzjagaz üçin uly harplyk. Ynha bu “A” harpyna meňzäp duran ene çürçüriň yzy. Bu ýerde-de, alakalar özleriniň keltejik aýaklary bilen “B” harpyny ýazyp gidipdirler. Tomzakdyr jykjygyň yzam “J” harpyna juda meňzeş. Gaharjaň şagalyň yzy bolsa, agynjak “Ö”  harpynyň özi. Bu “Ç” harpyny aňladýanam ötegçi durnalaryň yzy. Ynha bu ýerde bolsa zemzendir suwlugan “Ü” harpyny ýasap, suwlup gidipdir. Görle muny, bu ýerde gannalynyň yzam bar, ol üýtgeşiksiz “Z” harpy.

Olar kän, känem bolsa gyzjagaz olaň hemmesini – otuz harpyň barjasyny bilýär. Sanlary bolsa enesi oňa gök asmanyň ýüzündäki ýyldyzlardan öwretdi. Gijelerine olar “mesaňa” bolup, petireşip durlar. Enesi olaryň hersiniň adyny tutýar. Tirkeşýän ýyldyzlar. Olar aýratyn lowurdap görünýärler. Özlerem dört sany. Belli ýyldyzlar.

Tirkeşýän ýyldyzyň birinjisi “Ülker”. Ol alty sany öçüp-ýanyp duran  topbajyk ýyldyz. Ikinjisi “Aralyk”. Ol owadan şöhleli ýyldyz. Üçünjisi “Üç ýyldyz”. Olaram şöhle saçyp duran görnükli, ullakan üç sany owadan ýyldyz.  Soňam “Ýaldyrak”. O-da belli ýyldyz. Olar doganda biri-biriniň arasy dogry ýigrimi gün bolýar. Gyzjagaz olary barmajygyny büküp sanaýar. Ýöne ýyldyzlar ýalňyşman enesiniň aýdyşy ýaly ýigrimi güni geçirip görünýär.

Enesi gyzjagaza ýene-de bir zady aýdýar. Ol janly tebigatyň hiç haçan ýalňyşmaýanlygy. Dogmaly wagty ýyldyzlar dogýar, görünmeli wagty Aý, Günem görünýär. Sähralaryň oty-çöpem, haýwanlaram şonuň ýaly. Olaram kimdir biri öwreden ýaly, bolmalysy ýaly bolupdyr. Hat-da, her gezek täze ýyldyz görnende, täze üýtgeşik guşlaram gelýärler. Gyzjagaz o goşlary gözüni ýumsada tanap bilýär. Çürçüri, gumtowgy, çakaryk, sähraýy. Olar gyzjagazyň on barmagyndanam kän.

Enesi gyzjagaza “Ýedigen” diýen ýyldyz hakynda-da, gürrüň beripdi. Ol gyzjagazyň häzirem ýadynda. Ýedigeniň öň sany alty ekeni. Soň ol Ülkeriň bir ýyldyzyny alýar. Şonuň üçin Ýedigeniň bir ýyldyzy kiçijik – öçügsi görünýär. Şo sebäpli Ülker doganda Ýedigeniň agzy şoňa tarap bolýar. Soňam ol Ülker nirä süýşse, şonuň yzyna süýşýär. Enesiniň rowaýat ýaly edip aýtmagyna görä, ol söýgi bilen bagly. Ýöne gyzjagaz oňa düşünenok.

Enesi adaty bölünýän zeminem dörde däl-de, sekize bölýär. Onuň düşündirmegine görä ol, ugur-ýoly aňlamak üçin gerek. Şeýle etseň sähralarda ýaşamak ýeňil düşýär. Enesi olary şeýleräk düzýär.

Günbatar bilen Demirgazygyň arasyna Ogurja diýýär. Demirgazyk bilen Gündogaryň arasyna bolsa Arka diýip atlandyrýar. Gündogar bilen Günortaň aralygyna-da Guşluk diýip atlandyrýar. Günorta bilen Günbataryň aralygy bolsa Kybla.

Gyzjagaz olaryň hemmejesini bilýär. Şonuň üçin ol azaşmaýar. Enesiniň başga-da sähralar bilen bagly öwredýän zatlary köp. Ol hat-da indi guşlaryň pessaý uçuşyndan, owlak-guzynyň pyşgyrşyndan, Aýdyr Günüň dogup-ýaşyşyndan, durnalaryň uçuşyndan ertirki günüň nähili boljagyny bilýär. Şonuň üçin sähralaryň ýaşaýşy birmeňzeş ýaly bolup görünse-de, gyzjagaz o ýaşaýşy gowy görýär. Sebäp janly tebigat okap ýazmazdan oňa köp zatlary öwretdi.

Gyzjagazyň ýüreginde başga-da etsem-petsemler kän. Ol atasy ýaly aýdym, enesi ýalam goşgy goşasy gelýär. Ol isleg hasam atasynyň aýdym aýdýan pursaty güýçlenýärdi. Atasy bolsa köplenç ata-baba däp bolup gelýän çarwaçylyk ýoly hakyndaky aýdymy aýdardy. Asla oňa başga aýdym gerek däl ýalydy. Ony gyzjagaz eýýäm ýadam tutupdy. Ol şeýle başlanýardy.

Ekin ekseň begenersiň,

Bag ekseň beýgelersiň.

Çek düýäni, sür dowary,

Gitdigiňçe beglenersiň.

Enesiniň goşga çalymdaş edip aýdýan aýdymy üýtgeşikdi. Ony kim, haçan düzüpdir, belli däl. Enesi o hakynda gürlänokdy. Gyzjagaz sorabam duranokdy. Ýöne şu goşgyny enesi burnuna salyp hiňlenende onuň mähirli gözleriniň süzülýändigini ol birnäçe gezek görüpdi. Şonda aýdym gyzjagazyň enesiniň dilinden däl-de, alyslardan eşidilýän ýaly bolýardy.

Kerwen, kerwen, kerwen, kerwen ýöresin,

Kyrkgulak gazan doň ýag eresin,

Aslyň adam bolsaňam, özüň perisiň…

 Hernä enesi aýdymyna hiňlenende gyzjagazyň gulagyna jaň sesleri gelýän ýaly bolardy. Soňam, hawa soňam kerwen dähedemläp barýan ýaly bolýardy.

Dähedem… Dessem. Dähedem… Dessem…

Düňňürt… Düňňürt… Düňňürt…

Ýöne enesi näme üçindir goşgynyň soňky setirlerini aýtmaýardy. Gyzjagazam sorajak bolmaýardy. Oňa derek ol edil erteki aýdýan ýaly edip obalaryny, ýaşlygyny, kinniwanja gyzlar bilen üýşüp Enebeýigiň üstüne çykyp läle kakyşlaryny aýdyp bererdi. Gyzjagaz ony diňlärdi-de, öz kiçijik gursagyndan dömjek setirleriň başyny birikdirmek üçin ylgap daşaryk çykýardy. Soňam alyslyklara serederdi. Ol Garaşsyzlyk – Beýik Garaşsyzlyk hakynda goşgy goşasy, soňam ony aýdym edip aýdasy gelýärdi.

Bir günem goşgynyň başky setirleri janlandy. Ol şeýle başlanýardy.

Erkin ýatan sähralyk,

Üstünde-de, gök asman…

Gyzjagaz parahatlyk, Garaşsyzlyk diýip ümsüm sähralary, ak kepderileriň erkana uçuşyny gözöňüne getirýärdi. Gyzjagazyň göwnüne parahatçylykda ýaşalýan ýaşaýşyň hemmesi oň şygyrynda waspyny ýetirjek beýik Garaşsyzlygynda ýerleşýärdi.

 

***

Agşam gyzjagaz düýş gördi. Ol düýşünde beýik münbere çykyp aýdym aýdýardy. Soňam ol öz aýdymyny sessiz ýatan sähralara aýdyp berýärmişin. Sähralaram, çopan erkekleri Gökerkegem, Alabaý item, enesem, atasam, hat-da ene çürçürem, başga-başga guşlaram, gök asmandyr guba çägelerem diňleýärmişin.

Enesi düýşi pygamber ýorgudy bilen ýordy.

–  Sen süýji düýş görüpsiň – ol türkmeniň geljegi. Il-gün mundan buýana-da abadançylykda gowy ýaşar.

Öwezmyrat ÝERDENDI.

 

 

 

 

                                                                               

Ýene-de okaň

Ene hakynda hakykat

Ýylçyr dagynyň aýdymy

Bir goşawuç gowurga

Ýazlagda

Pahnany paýha aýyrýar

Enebeýigiň aňyrsynda Gün görünýär