SIZDEN GELENLER

Suratkeşligiň peýdasy

Hakykatdanam, surat çekmek diňe bir özüne çekiji bolman, eýsem çagalar üçin hem, uly ýaşlylarada peýdaly bir serişdedir. Surat çekilende beýniniň iki ýarym şary hem işleýär. Bu bolsa diňe bir pikirleniş ukybyňy sazlaşykly ösmegi üçin däl-de, eýsem ulularyň beýnisiniň saglygyny goramak üçin hem möhümdir. Psihologlar, çyzmagyň, garramagyň we beýni keselleriniň öňüni alýandygyny aýdýarlar. Uly adamlar surat çekende beýnisi kämilleşýär we täze nerw baglanyşyklary peýda bolýar. Belli bir mowzukda çyzgylar döredilende adamlar öz negatiwini zyňmagy ýa-da dünýäni oňyn kabul etmegi başarýarlar. Bu usul psihologlar we psihiatrlar tarapyndan, hassalar bilen işlemekde köpden bäri ulanylýar. Suratkeşligiň bejeriş täsiri netijesinde  «Sungat bejergisi»  ugry peýda boldy. Surat çekmegiň peýdasy, nerwleri köşeşdirýär, stresden aýyrýar, dynç almaga we keýpiňi ýokarlandyrmaga kömek edýär.

Surat çekmek döredijiligi oýandyrýar. Çyzgylary çyzyklar  bilen reňkläp, döredijiligiňizi açyp bilersiňiz. Surat çekmäni halaýan adamlar meselelere has döredijilikli çemeleşmegi we has çalt çözgüt tapmagy başarýarlar. Ýaramaz pikirler ýok bolýar we bu meditasiýa bilen deňdir. Çyzanyňyzda diňe näme edýändigiňize ünsi jemleýärsiňiz we munuň netijesinde ähli dartgynlygy we erbet pikirleri özüňizden aýyrýarsyňyz. Ondan başga-da ünsi ýokarlandyrýar, beýniňiz dynç alar we siz az aladalanarsyňyz we dartgynly bolarsyňyz bu bolsa siziň hereket endikleriňiziň has gowulaşmagyna uly täsir eder.

 

Taýýarlan Süleýman GURBANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

 

Ýene-de okaň

Psihologiýa we kämil bilim

Ata Watan Eserleri

Himiýa senagatynyň milli ykdysaydýetdäki orny uludyr

Ankara uniwersitetinde Magtymgulyny öwreniş sapagy

Bilimli nesil – Watanyň daýanjy

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynda dilleriň goşandy

Ýapon diliniň ähmiýeti