TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Suratkeşler birleşigine goldaw

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen suratkeşlerini döwlet tarapyndan goldamak, olaryň işlemekleri üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama bilen Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Medeniýet ministrliginiň Döwlet medeniýet merkeziniň hasabynda duran, Aşgabat şäheriniň Türkmenbaşy şaýolunyň 10-njy salgysynda ýerleşýän binany Suratkeşler birleşigine bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak tabşyryldy.

 

Owganystan TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegine doly taýýar

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy

Awazadaky resminama BMG-niň resmi resminamasy hökmünde çap edildi

Teswirle