TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Suratkeş piller

Piller dünýädäki iň akylly we täsin jandarlaryň biri. Tailanda baran syýahatçylar bu ýerde surat çekýän pilleri görüp haýran galýarlar. Hatda, olaryň aglabasy pilleriň çeken «eserlerini» satyn hem alýarlar.

Aslynda, Tailanddaky «Maesa» pil lageri 1976-njy ýyldan bäri işläp gelýär. Bu lagerde «Suratkeş pil» ýörelgesi boýunça iş alnyp barylýar. Häzir bu lagerde 78 pil idedilýär, olaryň tas ählisi diýen ýaly surat çekip bilýär.

Aýdylyşyna görä, piller surat çekmegi çalt öwrenýärler. Ýeke-täk kynçylyk, olara reňk saýlamagy öwretmekdir. Muňa garamazdan, lagerdäki pilleriň çeken suratlary syýahatçylary hemişe haýran galdyrýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti: futbol boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany

Baş Redaktor

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Teswirle