Surat sergisiniň mowzugy ― saglyk

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli açylan sergi «Baş baýlygym — saglygym» diýlip atlandyryldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Sergi halypa suratkeşleriň dürli ýyllarda döreden eserleri bilen başlanýar. Olaryň arasynda Ýakup Annanurowyň «Enelik», «Sagalýan», Nyýazmyrat Dowodowyň «Şepagat uýasy», Annadurdy Almämmedowyň «Irki bahar», Jumadurdy Bekdurdyýewiň «Aşyk oýny» ýaly eserleri bar.

Ynsan saglygy sport, bedenterbiýe bilen berk baglanyşyklydyr. Suratkeş Tamara Kiselýowanyň «Sambo boýunça dünýä çempiony Jennet Geldiýewanyň portreti» atly eseri sagdynlygyň, berk bedenliligiň ynsan elleriniň esasy güýç çeşmesidigini beýan edýär. Jumadurdy Bekdurdyýewiň «Ajaýyp gün» atly eserinde tebigatda dynç almagyň ynsan saglygyna oňyn täsirini şöhlelendirýär. Ony synlanyňda, arassa howanyň, daragtlaryň, tebigat gözelliginiň adam saglygyna peýdaly täsirini duýmak bolýar.

Mommy Seýitmyradowyň, Baýram Esengeldiýewiň, Artur Abramowyň heýkel eserleri hem ynsan saglygynyň onuň iň gymmatly baýlygydygyny teswirleýär. «Baş baýlygym — saglygym» atly sergidäki eserleriň ählisine ruhubelentlik mahsusdyr.

 

Pakistanda “Sputnik V” sanjymy urlup başlandy