TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Superkompýuterler döredildi

“Microsoft” korporasiýasy dünýäniñ iñ güýçli bäş superkompýuteriniñ biriniñ döredilendigini habar berdi. Kompaniýa muny ilkinji gezek onlaýn formatda geçirilen “Microsoft Build” döredijiler üçin konferensiýasynda yglan etdi. Täze superkompýuter diñe “OpenAl” telekeçilik däl gözleg guramasy üçin döredildi. Döredijiler “Space X”-iñ ýolbaşçysy Ilon Mask we “Y Combinato” wençura kapital gaznasynyñ öñki başlygy Sam Altmana üçin döretdiler.

“Microsoft-yñ” köpçülige açyk maglumatlara esaslanýan hasaplamalaryna görä, bu enjam köpçülige mälim edilen bäş superkompýuteriñ biridir. Enjam dürli modeller we “Al” algoritmleri üçin maglumatlary gaýtadan işleýär. Superkompýuter has giñ funksiýalary ýerine ýetirip bilýän we ep-esli serişde talap edip biljek köpçülikleýin paýlanan “Al” modelleriniñ indiki neslini öwreder. “Microsoft-yñ” düşündirişi ýaly, hünärmenler bir meseläni nädip ýerine ýetirilmelidigini öwrenmek üçin bir obýekti tanamak, teksti terjime etmek we ş.m. bellikli maglumat bazarlaryny ulanýan kiçi “Al” modellerini döretdiler.

Ýene-de okaň

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Ilkinji türkmen antiwirusy tanyşdyryldy

Teswirle