Söwdanyñ jümmüşine siñmek isleýänler üçin noýabr aýy diýseñ amatly pursatlary hödürleýär. Dünýäniň iň öñdebaryjy söwda şäherleriniň biri bolan Stambul şäheriniñ dükanlary hem öz gezeginde bu aýda arzanladyşlar yglan edýär. Ýoluñ ugrunda ýerleşýän özboluşly ajaýyp butikler (gymmat bahaly moda önümleri satýan kiçijek dükan) ýaly söwda nokatlarynda, şeýle hem gyzgalañly bazarlarynda ıslendik harytlary añsatlyk bilen tapyp bolýar. Söwdanyñ genji-hazynasy hasaplanýan Stambul – añrybaşy harytlary, dizaýner geýimleri ýa-da ýadygärlik sowgatlyk önümleri gözleýänler üçin iň dogry salgydyr.
Gadymy bazarlarda söwdalaşmak
Şäher bilen ýakyndan tanyşmagyñ ıñ gowy usuly, onuň taryhy bazarlaryna baryp görmekdir. Olaryñ iň meşhury Grand bazar we Müsür bazarlary bolup durýar. Bu ýerlerdäki al-elwan reñkleriñ we sesleriñ özara utgaşmasy, ýatdan çykmajak pursatlary wada berýär. Ullakan labirinte çalyşmdaş bolan Grand bazar – dünýäniň iň gadymy we iň uly söwda nokatlarynyñ biridir. Bu ýerde gadymy senetçilik kärleri bilen tanyşyp, ýokary hilli anadoly halylary, dokma we deri önümleri, elde ýasalan çyralary we ýüpek geýimleri ýaly harytlary görüp bilersiniz. Şeýle hem satyjylar bilen söwdalaşyp duran wagtyňyz çigildeme çalym edýän käselerde türk çaýyny içip bilersiňiz. Onuň yzysüre bolsa bazaryñ yzyndaky köçelerde ýerleşýän “täjirleriň naharhanalary” diýilýän gadymy garbanyşhanalarda meşhur tagamlardan lezzet alyp bilersiňiz. Müsür bazary hem öz gezeginde, ýakymly ysly tagam beriji goşundylary we türk lokumlary ýaly hoşboý ysly we göreniň gözüni dokundyrýan önümleri bilen göwnüñi galkyndyrýar.
Peýdaly maslahat: Grand bazarda ussat halypa zergärleriñ öndüren gadymy şaý-seplerini tapyp bilersiňiz. Hususan-da, zergärçilik senetinde görkezýän ussatlyk derejesi bazaryñ at-owazasyny dünýä ýañ salýar. Şonuň üçin hem syýahatyňyzdan ýadygärlik hökmünde ajaýyp şaý-sepleri satyn almagy maslahat berýäris.
Bütin günüňizi geçirip boljak söwda merkezleri
Has döwrebap söwda tejribesi üçin Stambulyň ajaýyp söwda merkezlerine baryp görmelisiñiz. Kondisionerler, awtoulag duralgalary we maýyplar üçin dürli şetler bilen üpjün edilen şäheriň söwda merkezleri irden sagat 10-dan agşam sagat 10-a çenli hyzmat edýär. Söwda merkezleri öñdebaryjy marka harytlary bilen bir hatarda sansyz-sajaksyz önümleri hödürleýär. Bu söwda merkezlerinde maşgalañyz ýa-da dost-ýarlaryñyz bilen wagtyñyzy hoş geçirip biljek garbanyşhanalar, kafelar we kinoteatrlar hem hereket edýär. Mundan başga-da, ene-atalaryñ wagtlaryny peýdaly, çagalarynyñ bolsa wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin dürli oýun meýdançalary hyzmat edýär.
Peýdaly maslahat: Dynç günleri köp adam gelensoñ, has arkaýyn we rahat söwda etmek ısleýänler söwda merkezlerine iş günleri baryp görmegiñizi maslahat berýäris.
Söwda köçeleri: söwda edip we iýip-içip dynç alşyň hözirini görüñ
Stambul kiçi butiklerden başlap, kaşaň marka dükanlary bolan söwda köçelerinede eýe bolup durýar. Moda raýony bolan Nişantaşy – ýerli dizaýnerleriň öñdebaryjy merkezidir. Abdi Ýüpekçi söwda köçesi özüniñ tanymal halkara markalary we butikleri, şeýle hem kaşañ restoranlary, kafelary we çeperçilik galereýalary bilen arzyly ýerleriñ biri hasaplanýar. Ýene bir ajaýyp söwda nokatlaryñ biri bolsa şäheriň Anadoly tarapynda ýerleşýän Bagdat köçesidir. Taksim meýdançasyndan başlap Beýoglundaky tunele çenli uzalyp gidýän Istiklal köçesi, egin-eşik we altyn şaý-sepler dükanlary bilen iň bir gelim-gidimli ýerleriñ biri hasaplanýar.
Peýdaly maslahat: Abdi Ýüpekçi, Bagdat we Istiklal köçeleri ajaýyp restoranlaryň we täze nesil (ýetginjekler üçin) kafelaryň mekanydyr. Bu ýerlerde günortanlyk naharyny iýmek üçin özüñize arakesme bermegi ýatdan çykarmaň.
Vintage söwda nokatlary
Stambulda gadymy gymmat bahaly we ulanylan zatlary hem tapyp bilersiñiz. Eger-de siz olary ýygnaýan kolleksioner bolsaňyz, Galatasaraý we Jihangir raýonlaryñ arasynda ýerleşýän Çukurjuma gitmelisiñiz. Bu ýerde köçelerde hakyky nepis halylary, şeýle hem XX-nji asyra degişli mebelleri satýan hatarma-hatar dükanlar bar. Şeýle ýerleriñ ýene biri bolsa Haliç kenarynda ýerleşýän Balatdyr. Bu köp medeniýetli sebit Osmanly döwründen bäri gadymy zatlaryň satylýan ýeri bolupdyr. Bu ýerde geçirilýän auksionlar häzirki wagtda hem şäherdäki iň tolgundyryjy wakalaryndan biri bolmagyna galýar. Gadymy zatlary ýygnaýanlar üçin Şişli etrabynda ýerleşýän Feriköý antika bazary dogry salgydyr. Bu ýerde 200-den gowrak satyjy teňňe-şaý kolleksiýalary, gadymy şaý-sepleri we köne geýimleri satýarlar.
Peýdaly maslahat: Her raýonda hepdäniň belli günlerinde özboluşly bazarlar gurnalýar. Onda näme, bu ýerli bazarlaryñ, jygyldygyñ we gadymy dükanlaryň dünýäsine aralaşmak mümkinçiligini elden gidirmäň.