TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

2019-njy ýylda ýurdumyzyň medeniýet, sungat işgärleri bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin söhbetdeşlikleri gurap okyjylara ýetirdik.

Ilkinji söhbetdeşligimiz Türkmenistanyň at gazanan artisti Zylyha Kakaýewa bilen boldy. Mahmal owazy, ýerine ýetirýän ajaýyp aýdymlary bilen diňleýjileriň ýüregine ýol salmagy başaran Zylyha söhbetdeşligimiziň başyny aýdym-saz sungatyna gelşi dogrusyndaky gürrüňden başlady. 2014-nji ýylda “Magtymguly Pyragy” medalynyň eýesi, 2016-njy ýylda “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň ýeňijisi, 2017-nji ýylda bolsa “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly ada mynasyp bolan Zylyha diňleýjileriň söýgüsini gazanyp, meşhurlyk getiren aýdymlary olardan “Şykga-şykga bilezik” aýdymy hakynda gürrüň berip, işleşýän kompozitorlary, şahyrlary barada aýtdy. Aýdymlarynyň ilkinji diňleýjisiniň ýanýoldaşy Durmuşdygy, onuň bilen bir ýerde zähmet çekip, bir ýokary okuw jaýynda bile okandygy, doglan günleriniň hem bir gündedigi barada gürrüň bermegi has-da täsirli boldy. Şeýle-de söhbetdeşligimizde Zylyha surata düşen kinofilmleri dogrusynda aýtmak bilen kino sungatyny özüne has ýakyn görýändigini, munuňam sebäbiniň çagaka eden artist bolmak arzuwy bilen baglanyşyklydygyny belledi. Umuman, ilkinji söhbetdeşligimizi okyjylar gyzgyn garşyladylar.

Soňra Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, suratkeş Kakageldi Seýitmuhammedow bilen guran söhbetdeşligimizi okyjylara ýetirdik. “Ylham gorum bedewler” atly söhbetdeşligimizde K.Seýitmuhammedow eserleriniň arasynda aýratyn orny eýeleýän gamyşgulak türkmen bedewlerine bagyşlap döreden nakgaş işleri dogrusynda gürrüň berdi. Şeýle-de halypa suratkeş 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli guralan şahsy sergisinde ýerleşdirilen eserler hakynda hem agzap geçdi.

“Sungata ykbalyny baglan” atly söhbetdeşligimizi Magtymguly adyndaky milli-sazly drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýewiň teatr sungaty dogrusynda guradyk. Ol teatryň sahnasynda şu güne çenli janlandyran keşpleri barada gürrüň berdi. Şeýle-de sungat ýolundaky halypalary, olaryň beren maslahatlary, surata düşen kinofilmleri, gazanan döredijilik üstünlikleri, döredijilik saparlary hakynda beren gürrüňleri has-da täsirli boldy.

Soňra türkmen aýdymçysy Çynara bilen söhbetdeşlik guradyk. Söhbetdeşlikde özüniň Türkmenistanlydygyna buýsanýandygyny aýdan Çynara 3 ýaşyndan bäri aýdym-saz sungatynyň içindedigini, gazanan üstünligine maksadaokgunlylyk bilen ýetendigini belledi. Häzirki wagtda Istambul uniwersitetiniň Edebiýat bölüminde okaýan Çynara ýerine ýetirýän aýdymlary, aýratynam Türkiýede ýylyň aýdyşygy diýip saýlanan, Türkiýäniň ussat aýdymçysy Baha bilen bilelikde aýdan “Ýazsyn” atly aýdyşygy hakynda gürrüň berdi. Çynara daşary ýurtlardaky ildeşlerimizi goldap durýandygy üçin hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyk sözlerini aýtdy.

Saýtymyzda ýenede geçen ýylda Türkmenistanyň halk artisti Hakberdi Hudaýberdiýew bilen guran söhbetdeşligimizi okyjylara ýetirdik. Halypa kompozitory Şa serpaýy bilen gutlap, onuň döredijiligi barada okyjylary gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendik. Hakberdi aga söhbetdeşligimizde çagalyk döwründen şu günki güne çenli geçen sungat ýoly, aýdym-sazyň ussatlary bilen alyp baran döredijilikli zähmeti, olar bilen bilelikde dürli ýyllarda estrada aýdym-saz toparlaryny döredişi hakynda aýtdy. Häzirki döwürde ýaş zehinleriň birnäçesiniň halypasy Hakberdi aga söhbetdeşligimiziiň dowamynda halypa-şägirtlik gatnaşyklary babatda alyp barýan işleri, akkerdeon saz guralynda ýerine ýetirýän ajaýyp sazlarynyň aýratynlyklary dogrusynda hem täsirli gürrüňleri berdi.

2019-njy ýylyň ahyrynda Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň reŽissýory Öwezmämmet Galandarow bilen guran söhbetdeşligimizi okyjylara ýetirdik. “Sungata köňül beren” atly bu söhbetdeşligimizde esasy gürrüňimiz Ö.Galandarowyň döredijilik älemine gadam basyşy, ýazan pýesalary esasynda sahnalaşdyran spektakllary dogrusynda boldy. Onuň sahnada ilkinji gezek sahnalaşdyran spektakly baradaky gürrüňinden başlap, teatrda şu günki güne çenli alyp baran işleri, häzirki wagtda sahnalaşdyrmagy göz öňünde tutýan eserleri hakyndaky söhbetimiz täsirli boldy. Ö.Galandarow bilen söhbetdeşligimizde esasy orny Türkmenistanyň halk artisti Durdymämmet Oraýewden alan sapaklary, onuň beren döredijilik maslahatlary baradaky gürrüňler eýeledi.

Bu ýylda hem ýurdumyzyň medeniýet-sungat ussatlary bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin söhbetdeşlikleri gurap, okyjylarymyza ýetireris. Saýtymyzda söhbetdeşligini görmek isleýän sungat ussatlaryňyz ýa-da olar barada gyzyklanýan sowallaryňyzy, teklipleriňizi atawataneserleri@gmail.com  elektron salgymyza ugradyp bilersiňiz, Biziň esasy maksadymyz okyjylarymyzyň islegini kanagatlandyrmak

Ýene-de okaň

Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini ÝUNESKO-nyň sanawynda

Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

«Gyzyl kürte» filmi Gazagystanda görkeziler

Teswirle