TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Şumaheriň rekordy täzelendi

“Formula 1” ýaryşynyň 7 gezek çempiony bolan Mihael Şumaheriň maşgalasy, “Mersedez” toparynyň sürüjisi Lýus Hemiltony  “Gran Pri” ýaryşynyň ýeňişleriň sanyny rekord bilen gaýtalady diýip, gutlady. Bu habar Şumaheriň “Twitter” jemgyýetçilik sahypasyna salgylanyp berildi. “Formula 1” ýaryşynyň “Gran-Pri” Eýfeliň 11-nji tapgyrynda ýeňiji boldy. 35 ýaşly britaniýaly ussat we dünýä belli sürüji Lýus Hemilton özüniň 91-nji ýeňşini gazandy. Bu babatda dünýä belli sürüji ýeňişleriň sanawy boýunça Mihael Şumaheriň rekordyny täzeledi.

“Gutlýarys”! Beýik ýeňijiniň aňyrsynda beýik üstünlek bar. Biz bu rekordy Şumaheriň saklap gelýändigi begendirýärdi, emma inkär edip bolmaz” diýip belleýärdi.

Hamilton alty gezek dünýä çempiony bolup, häzirki möwsümiň umumy utuklary sany boýunça uly aratapawut bilen birinji orny eýeleýär. “Formula 1”ýaryşynyň indiki tapgyry 23-25-nji oktýabr aralygynda Portugaliýa döwletinde geçiriler.

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

Mançester derbisi: Holandyň we Fodeniň taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Teswirle