SIZDEN GELENLER

Şugundyryñ zyýankeşlerine garşy göreş çäreleri

Şugundyryň ýaprak şirejesi (Aphis fabae Scop.) deňganatlylar otrýadynyň şirejeler maşgalasyna degişli bolup. Onuň göwresiniň ululygy 2 mm çenli bolup, özem gara reňklidir. Şugundyr şirejesiniň tohumlanan ýumurtgasy dürli gyrymsy agaçlaryň üstünde gyşlaýar. Howa maýlap başlanda ýumurtgadan liçinka çykyp, ösümligiň ýapragynyň, baldagynyň şiresini sorup iýmitlenýär we 12-14 günden soň ganatsyz urkaçy şirejä öwrülýär. Urkaçy şirejeler diri liçinka dogurmak arkaly köpelýärler. Maý aýynda ganatly urkaçy şirejeler peýda bolýar we jynssyz (partenogenetik) ýol bilen çalt köpelýärler we tiz ýaýraýarlar. Olar

awgust-sentýabr aŷlaryna çenli birnäçe gezek köpelýärler. Soňra gyrymsy agaçlara geçip, olarda köpelýärler. Şol liçinkalardan ganatsyz urkaçy we ganatly erkek şirejeler döreýär. Olar jübütleşip tohumlanan ŷumurtga guzlap, gyşlamaga galýarlar. Şugundyr şirejesi bir ýylda, howa şertlerine baglylykda 15-20 gezek köpelýär. Şirejeler ýapragyň aşagynda ýaşaýarlar we ýapragyň düzümindäki

şiresini sormak arkaly iýmitlenýärler. Zyýan ýeten ýapraklarda madda çalşygy bozulýar, hlorofil azalýar. Ýapraklar saralýar, bürüşýär, guraýar, hasylyň hili ýaramaz we senagat üçin ýaramsyz bolýar. Agrotehniki göreş çäreleri. Şugundyr ekilen ýerlerde haşal otlary ýok etmeli. Ekiljek şugundyr tohumlaryny haşal otlaryň tohumyndan gowy arassalamaly. Çuň sürüm geçirmeli. Gyşyna atyzlary basdyryp suwarmaly. Şugundyr ýasmygynyň tohumlanan ýumurtgasy dürli ösümliklerde, esasanam kösükli ösümliklerde gyşlaýar. Tohumlanan ýumurtgalar sowuga çydamly bolýar. Türkmenistanda aprel aýynyň başynda ýumurtgadan liçinka çykyp, olar haşal otlar bilen iýmitlenip, soňra medeni ösümliklere geçip başlaýar. Türkmenistanda şugundyr ýasmygynyñ ösüp ýetişmegi üçin 25-30 gün gerek. Liçinka döwründe 5 gezek gow çalyşýar we uly ganatly ýasmyga öwrülýär. Uly ŷasmyklar 5-6 günden soňra ýumurtga goýup başlaýar. Ol ýumurtgasyny şugundyryň baldagynyñ, ýapragynyň ýogyn damarlarynyň içinde goýýar. Ol 1 ýylyň dowamynda 4 gezek köpelýär. Şugundyr ýasmygynyň imagosy we liçinkasy şugundyryň ýokumly maddalaryny sormak arkaly iýmitlenýär. Olar iýmitlenýän wagty ősűmlügiň bedenine suwuklyk goŷberŷǎr we onuñ dűzűmindǎki ferment bilen ösümligiň reňkini agardýar we öýjügiň tiz ölmegine getirýär. Netijede ýasmygyň iýmitlenen ýeri guraýar. Şugundyr ýaňy gögeren wagty onuň öserini iýýär. Netijede ösümlik süllerýär, garalýar we guraýar. Tohumlyk şugundyra zyýan ýetirende hili ýaramaz, gögerijiligi pes bolýar. Agrotehniki göreş çäreleri. Ǎhli agrotehniki göreş çärelerini berjaý etmeli. Himiki göreş çäreleri 1m 2 meýdanda 200-250 sany ýasmyk duş gelse, şugundyr şirejesine garşy ulanylýan zäherli maddalary ulanmak bolar. Insektisidleri hasyl ýygnamazyndan ozal 20-30 gün öň ulanmaly. Şugundyryň günorta büre pisint tomzagy (Chaetocnema breviuscula Fald.) gatyganatlylar otrýadynyň ýaprak iýijiler maşgalasyna degişli bolup, onuň göwresi 1,9-2,3 mm ululykdadyr. Göwresi ýumurtga görnüşinde, metal öwüşginli garamtyl gök reňkli. Ganatynyň üstinden uzaboýuna göni çyzyk geçýär. Penjesi, injigi we murty gyzyl goňur reňkli. Ýumurtgasy 0,45 mm, agymtyl-sary süýnmegräk, ýalpyldawuk bolýar. Liçinkasy 4-4,5 mm, ak, kellesi sargylt goňur, garnynyň iň soňky bognunda yzyna gaýşaryp duran ösüntgisi (şipi) bolýar. Kukolkasy 1,8 mm, ak, garnynyň soňky bognunda iki sany ösüntgisi bolýar. Bu tomzak şugundyrdan başga-da selme, bedene oty we beýleki birnäçe haşal otlar bilen iýmitlenýär Bu zyýankeşiň tomzagy we liçinkasy şugundyryň epidermis we parenhima gatlagy bilen iýmitlenýärler. Ol şugundyryñ 4-5 ýapragy emele getirýänçä has howplydyr. Şol döwürde olar şugundyryň öserini hem iýýärler. Göreş çäresi şugundyr uzynburunly tomzagynyňka meňzeşdir. Türkmenistanyñ tebigy şertlerinde tomzaklar aprel aýynyñ birinji ongünliginde gyşlaÿan ýerinden çykýarlar. Tomzaklaryñ birnäçesi ikinji ýyla gyşlamaga galÿar. Gyşdan çykan tomzaklar ilki selmeler maşgalasyna degişli ösümlikler bilen iýmitlenýärler we şugundyr gögerip başlandan soñra oña geçip, 8-10 günden ýumurtga goýup başlaýarlar. Tomzaklar ýumurtgasyny 9 mm çuñlukda toprakda goýýarlar. Ol ýumurtga goýjak ýerinde kiçijik çukurjyklar gazýar we şol ýerde ýumurtga goýup, onuň üstüni gömýär. Bir urkaçy tomzak orta hasapdan 150-250 ýumurtga guzlaÿar. Ýumurtgadan çykan liçinkalar şugundyryñ kökünden we selmeler maşgalasyna degişli haşal otlar bilen iýmitlenýärler. Liçinkanyñ ösüş döwri 45-90 gün. Şol döwürde liçinka 5 ÿaşaÿar. Türkmenisyanyñ tebigy şertlerinde iýul aýynyñ başynda pronimfa stadiÿasyny geçýärler we kukolka öwrülýärler. Kukolka Şdöwri 16-20 gün. Kukolkadan awgust aýynyñ başynda tomzaklar çykyp, gyşlamaga galýarlar. Adaty şugundyr tomzagy ÿylda bir gezek köpelýärler. Şugundyr tomzagynyñ imagosy (tomzagy) we liçinkasy zyýanlydyr. Tomzagy ýaňy gögeren şugundyryñ ösüş nokady, ýapragy bilen iýmitlenýär.

 

Gurbangulyýew Gurtnyýaz,

TOHU-nyň talyby

 

Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär

 

 

Ýene-de okaň

Saglyk – baýlyk

Baş maksat – ilatyň saglygy

Matematika – ylmyň möhüm ugry

Bilimde innowasion ösüşler

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary

Ykdysady ösüşleriň berk binýady