Şu ýyl «Realda» diňe iki futbolçy şikes amady

Dogry, ylalaşýarys, Madridiň «Real» kluby futbolda san-sajaksyz rekord goýdy. Olar «Wikipedia» hem ýerleşenok. Bu meşhur klub ýene bir rekordy täzeledi. Ýöne bu rekord beýlekileriň tersine, ýakymsyz.

Has takygy, Karollyk kluby Ispaniýanyň futbol çempionatynyň 2020 ― 2021-nji ýyllardaky möwsüminde şikes almak boýuna özboluşly rekordy goýdy. Ýakynda, «Realyň» UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Çelsiniň» garşysyna geçirilen duşuşygynda goragçy Dani Karwahalyň şikes alandygyndan habaryňyz bardyr.

Şeýlelikde, bu «Realyň» şu möwsümde şikes bilen bagly 51-nji wakasy boldy. Eger toparyň koronowirus ýokanjyna uçran futbolçylaryny hem hasaba alsak, şikesleriň sany 57-ä dagy çykýar. Bu bolsa, ortaça, her iki hepdede bir futbolçy topara kömek edip bilmedi diýmekdir.

Ýeri gelende aýtsak, şu möwsümde «Realyň» düzüminde diňe iki futbolçy şikes almady. Olar hem derwezeçiler Tibo Kurtua bilen Andreý Lunindir.

Koronowirus hadysalarynyň gurşawynda geçýän möwsüm La Liganyň hiç bir toparyna-da ýeňil düşenok. Mysal üçin, şu ýyl «Barselonada» 35,«Wilýarrealda» 34 şikes hasaba alyndy.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/asgabat-tokio-arasynda-bilim-hyzmatdaslygy/