DÜNÝÄ

Şu gün – Bütindünýä uky güni

Her ýylyň mart aýynyň ikinji doly hepdesinde anna güni Bütindünýä uky güni bellenilýär. Bu baýramçylyk ilkinji gezek 2008-nji ýylda peýda boldy.

Uky bedeniň kadaly işlemegi üçin möhümdir, sebäbi bu günüň dowamynda sarp edilen güýçleri dikeltmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de bolsa, häzirki dünýäde ukynyň bolmazlygy we ukusyzlyk hakykatdanam uly meselelere öwrüldi.

Sagdyn bolmak üçin dogry iýmitlenmeli we uklamak üçin ýeterlik wagt tapmaly. Adam ortaça ömrüniň üçden bir bölegi uklap geçirýär. Ukynyň dowamlylygyny dört sagat azaltsaň, reaksiýa bermegiň derejesi 45 göterim azalýar.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, uly adamlar üçin ukynyň kadasy 7-8 sagat, çagalar bolsa azyndan 10 sagat uklamalydyrlar.

Ýene-de okaň

Aşgabatda ilkinji gezek halkara moda görkezilişi guralar

Nowruz baýramy mynasybetli awtobus gatnawy ýola goýlar

Ulag-logistika boýunça türkmen-gyrgyz topary dörediler

Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň mejlisi geçiriler

Aşgabadyň 103 ýaş­ly ýaşaýjysy Fat­ma Ak­pe­ro­wa­

BMG-niň Baş sekretary gyrgyz-täjik ylalaşygyna ýokary baha berdi

Ata Watan Eserleri