TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Stenford uniwersiteti ýa-da Daş keşbe aldanyp kiçelmäň

Ýöntem hem sada geýnen jübüt garry Boston wokzalynda düşüp, ýaýdanjaň görnüşde Garward uniwersitetiniň rektorlugyna geldiler. Girip-girmänkä kätip gyz haýdap stolundan turdy-da, olaryň öňüne geçdi. Bular ýaly sölpi garrylaryň Garward ýaly iň uly uniwersitetiň rektorlugynda näme işi bolup biler?

Garrylar ýuwaşlyk bilen rektory görmek isleýändigini aýtdylar. Kätip munuň mümkin däldigini, bu gün rektoryň olar bilen görüşmäge asla wagty bolmajagyny aýtdy. Garry aýal çekinjeňlik bilen “Garaşaýarys” diýip pyşyrdady.

“Biraz wagt garaşansoňlar, özleri ýadap giderler” diýen pikir bilen kätip gyz ýerine geçdi. Emma wagt birçene barsa-da, garrylaryň yza dönme niýeti ýokdy. Bularyň bolşuna nebsi agyran kätip gyz, ýerinden turdy-da:

–Siz bular bilen iň bolmanda birnäçe minut görüşmeseňiz, olaryň gitme niýeti ýok–diýip, rektora ýene habar berdi.

Ýaş rektor göwünli-göwünsiz gapyny açdy. Ol gepe düşünmeýän dar düşünjelileri, sada geýnüwli obalylary halamaýardy. “Şular ýaly adamlaryň iş ýerime gelmegä nädip güýji çatýarka?” diýip pikir etdi. Öz ýanyndan gahary geldi.

Garry aýal söze başlady. Olar 1 ýyl mundan öň hekälçilikde Garwardda okaýan ogluny ýitirendigini, onuň bu ýerde örän bagtly bolandygyny, indi onuň hatyrasyna okuwyň çäklerinde bir ýadygärlik isleýändigini aýtdy. Rektor bu ýagdaýa duýgudaşlyk bildirmegiň ýerine, örän gaharlandy.

–Hanym, Garwardda okaýan her bir ölen talyp üçin bir ýadygärlik dikjek bolsak, bu ýere mazarlyga öwrüler.

–Ýok, ýok. Men heýkel dikiň diýemok, belki Garwarda bir okuw binasyny gurup bereris.

 Rektor, garrylaryň könelen egin-eşigine ýigrenç bilen seretdi:

–Binamy?– diýip, azmly gaýtalady. Siz bir binanyň näçe çykdajysynyň bardygyny bir bilýäňizmi?! Diňe soň açylan bölüm üçin çykarylan maliýe ýedi ýarym million dollardan geçdi.

Ol çekeleşigi soňladym etdi. Akyly çaşan garrylardan dynyp biljegine ynandy. Garry aýal sesini çykarman adamsyna öwrüldi:

  • Uniwersitetiň gurluşygyna başlamak üçin gerek bolan pul bary-ýogy şolmy?

Şeýle bolsa biz näme üçin öz uniwersitetimizi gurmaly däl?

Rektor allaniçigsi boldy. Garry goja başyny atyp, aýalynyň teklibini makullady. Hanym we jenap Leland Stenford daşaryk çykdylar. Şondan göni Gündogar Koliforniýadaky Palo Altoýa geldiler we Garwardyň piňine almadyk ogullary üçin onuň adyny ebedi ýaşatjak uniwersiteti gurdular.

Stenford uniwersiteti Amerikanyň iň uly we meşhur ýokary okuw mekdebine öwrüldi.

Ýene-de okaň

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk jemlendi

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

Teswirle