TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Stambulyň howa menzilinden Kagythane çenli metro açyldy

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Kagythane-Göktürk-Stambul howa menzili ugru boýunça metronyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Dünýäniň iri syýahatçylyk merkezleriniň biri bolan Stambulyň metro torunyň gerimi barha giňeýär.

Iri şäherlerde ulag-aragatnaşyk hyzmatlaryny ýeňilleşdirmekde metronyň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin Stambul ýaly köp ilatly şäherde metro torunyň gerimi yzygiderli giňeldilýär.

Bu gezek Kagythane-Stambul howa menziliniň arasynda 34 kilometrlik metro ulgamynyň açylyş dabarasy boldy.

Prezident Ärdoganyň bellemegine görä, täze mtro liniýasy 8 stansiýadan emele gelip, Kagythane etrabyndan Stambulyň howa menziline 24 minutda barmaga mümkinçilik berer.

Täze metro liniýasy bir gije-gündüziň dowamynda 800 müň ýolagçy gatnaşmak mümkinçiligine eýedir.

Stambulyň metro liniýalarynyň toruny has-da giletmek bilen Stambulyň howa menzilinden Halkaly etrabyna çenli hem liniýanyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Bu ähli metro liniýalarynyň gurluşygy tamamlanan halatynda Stambulyň ýerasty demirýol ulgamynyň uzynlygy 380 kilometre berabar bolar.

Stambul şäheri dünýäde demirýol ulgamynda iň köp taslama amala aşyrylýan şäherleriň sanawynda birinji orunda durýar.

Kagythane-Stambul howa menziliniň arasyndaky metro liniýasy 1 aýyň dowamynda mugt bolar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan Türkmenistan we Türkiýe bilen gol çeken şertnamasyny tassyklady

Birža täzelikleri: türk telekeçileri awtobenzin satyn aldy

Biržada nebit önümleri uly isleg bildirilýär

Teswirle