DÜNÝÄ

Stambullylar üçin hoş habar: gije gämi gatnawlary başlaýar

Dünýäniň iň köp ilatly şäherleriniň biri hasaplanýan Stambulda şäheriň Aziýa tarapyndan Ýewropa tarapyna geçmek üçin gämi gatnawlary iň amatly ulag serişdesi bolup hyzmat edýär. Mundan beýläk bu gämili gatnaw hyzmatlarynyň geriminiň giňeldilmegi maksady bilen anna we şenbe günleri gijelerine hem gatnawyň amala aşyrylmagy göz öňünde tutuldy. Bu barada Stambul şäheriniň häkimi Ekrem Ymamogly habar berdi.

Häkim özüniň “Twitter” jemgyýetçilik torundan beren beýanatynda Kadyköý, Karaköý, Beşiktaş we Üsküdar etrapçalaryndan gijelerine hem gämi gatnawlary ýola goýuljakdygyny mälim etdi. Bu gatnawlaryň 28-nji fewralda başlanjakdygy hem bellenilip geçildi.

Stambulda anna we şenbe günleri we resmi baýramçylyklarda gijelerine metro gatnawlarynyň hem amala aşyrylmagy 2019-njy ýylyň 30-njy awgustynda ýola goýlupdy.

Ýene-de okaň

Migrasiýa ulgamyndaky türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň direktory bilen duşuşdy

Bank ulgamynda türkmen-özbek gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Aşgabatda medeniýet ministrleriniň maslahaty geçiriler

Magtymguly Pyragy Ženewada tanyşdyryldy

Türkmenistandan Owganystana suwuklandyrylan gaz ibermek maslahatlaşyldy