TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Stambulda welosipedli ýörüş guraldy

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygyndaş Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde türkmen halkynyň bol-elin we sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň görelde bolmagy bilen, türkmen halkynyň, aýratyn-da ýaş neslimiziň sporta bolan höwesi barha ýokarlanýar. Türkmen ýaşlarynyň beden we ruh taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmekleri üçin, ýurdumyzyň dürli ýerlerinde sport desgalary gurlup ulanmaga berilýär. 

Hormatly Prezidentimiziň Liderliginde Döwletimiziñ başlangyjy bilen 2018-nji  ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 3-nji iýuny  Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek barada Rezolýusiýanyñ kabul edilmegi mynasybetli Baş konsullygymyz tarapyndan Stambul şäherinde ýerleşen ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda köpçülikleýin welosipedli ýörüş guraldy. Çäräniň başlanmagynyň öňüsyrasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportuň ýokary gazananlaryny ösdürmek, halkyň saglygynyň berkidilmegini üpjün edýän ähli zerur şertleri döretmek, beden taýdan sagdyn we ruhybelent ýaş nesilleri kemala getirmek bilen baglanyşykly meselelere döwlet syýasatynda uly üns berilýändigi barada gatnaşyjylara gürrüň berildi.

Ýene-de okaň

Awazadaky resminama BMG-niň resmi resminamasy hökmünde çap edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Teswirle