Dünýäniň iň köp zyýarat edilýän 10 şäheriniň biri bolan Stambula gelýän jahankeşdeler üçin durmuşa geçirilen Stambul şäher kartoçkasy (“İstanbul City Card”) iki dürli hyzmat mümkinçiligi bolan hyzmat ulgamydyr.
Stambul şäher häkimliginiň habar bermegine görä, Stambul şäherini syýahatçylygyň paýtagty etmek başlangyjy bilen ýola goýlan taslamanyň çäklerinde daşary ýurt myhmanlaryna şäherde rahat we arkaýyn gezelenç etmegi üçin mümkinçilik döretmek göz öňünde tutulýar.
Kartoçkada 1 bilen 15 gün çäksiz ulag hyzmatyndan we syýahatçylyk awtobuslarynyň mümkinçiliginden peýdalanmak meýilleşdirilýär. Stambul şäher kartoçkasy syýahatçylaryň iň köp gelim-gidimli 30 nokadynda has elýeterli bolar.
Bu kartoçka bilen Stambulyň şäher häkimliginiň iki gatly awtobusy bilen şäheriň syýahatçylyk merkezlerine syýahat edip biler. Şeýle hem öz islegine görä, Stambuldaky jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmak mümkinçiligine eýe bolar.
Ýakyn wagtda bu kartoçka arkaly muzeýlere hem-de Bosfor aýlagynda gezelenç etmek mümkinçiligi dörediler.