TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Stambulda Mart aýy biletleri : Pandemiýadan öňki biletleriň pulyny almak

“Türkmensitan” awiakompaniýasynyň Stambuldan amala aşyrýan uçar gatnawlary boçýunça 2023-nji ýylyň mart aýy üçin biletleri satylyp başlandy. Bu barada “Türkmensitan” awiakompaniýasynyň Türkiýede döwletinde biletlerini satmak boýunça wekili “Hakim Turizim” tarapyndan habar berilýär.  Bellemeli zat, Russiýa Federasiýasynyň şäherlerinden Türkmenistan ugruna amala aşyrylýan uçar gatnawlarynyň 2023-nji ýylyň mart aýy üçin uçar biletleri hem satylyp başlandy.

Öň habar berişimiz ýaly, “Türkmenistan” awiakompaniýasy pandemiýa sebäpli ýatyrylan halkara uçar gatnawlary üçin satyn alnan biletleriň hereket ediş möhletini mart aýyndan fewral aýyna geçiripdi. Şeýlelikde bu biletleri 2023-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli çalşyp bolýar. Bellemeli zat, bu biletler maglumat 2020-nji ýylyň martyndan öň satyn alnan biletler bolmalydyr.

Türkmenistan awiakompaniýasynyň Türkiýe döwleti boýunça biletleri satýan wekili Hakim Turizm kompaniýasyndan Ata Watan TW kanalymyza gelip gowşan maglumata görä, Türkmenistan awiakompaniýasynyň 2020-nji ýylyň martyndan öň agzalan kompaniýadan satyn alnan biletlerini fewral aýynyň ahyryna çenli tölegini pul görnüşinde alyp bolýar.

Hakim Turizm  kompaniýasynyň  Stambulda Mejidiýeköý, Aksaraý we Kadiköýde ofisleri bolup, aşakda ýetirilýän telefon belgilerinden  bu kompaniýa bilen habarlaşyp bilersiňiz.

Hakim Turizm  : 0212 522 99 66 /  0212 526  11 51 / 0216 338 77 79

Bellemeli zat, häzirki döwürde  Türkmenistan-Türkiýe ugry boýunça hepdede jemi 11 sany adaty uçar gatnawy amala aşyrylýar, olaryň 6-si Türkiýäniň “Türk howa ýollary” awiakompaniýasy tarapyndan,  5-sini bolsa “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýar.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat-Stambul ugry boýunça hepdäniň duşenbe, sişenbe, çarşenbe, penşenbe we şenbe günleri uçar gatnawlaryny ýerine ýetirýär, Bu gatnawlar ýanwar aýyndan başlap köpeldi. 2023-nji ýylyň fewral aýy üçin bu ugurdaky Aşgabat-Stambul ugry boýunça biletleriň iň pes bahasy 4877 manat 50 teňňedir.

Öň habar berişimiz ýaly,  2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, türk awiakompaniýasy Stambul-Aşgabat ugry boýunça 4 gatnaw, Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça 2 gatnaw amala aşyrýar. Bu awiakompaniýa  Stambul-Aşgabat ugry boýunça hepdäniň duşenbe, çarşenbe,  anna we şenbe günlerinde adaty uçar gatnawlaryny amala aşyrar. Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça bolsa hepdäniň sişenbe we penşenbe günlerinde adaty uçar gatnawlaryny amala aşyrýar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkiýä barmak üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan wiza talap edilýär. Emma Türkmenistanyň raýatynda hereket edýän “Türkiýede wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnamasy” ýa-da “zähmet çekmek üçin rugsatnamasy” bar bolsa onda wiza talap edilmeýär.

Wiza almak we bular bilen baglanyşykly has giňişleýin maglumatlary saýtymyzdan we “You Tube” kanalymyzdan tapyp bilersiňiz. Wiza almak üçin gerekli resminamalaryň toplumyny Aýtakow-Ýubileýniý çatrygynyň ugrunda, “Rysgal” bankyň ýanyndaky A blok binasynda ýerleşýän “Makul Hyzmat” Terjime merkezinden terjime edip hem biljekdigiňizi ýatlatmak isleýäris. 

Habarlaşmak üçin : 863 78 96 73 / 96 48 55 makulhyzmat@gmail.com 

 

Mart aýy üçin uçar biletleri satylyp başlandy :Russiýadan Türkmenistana

Pandemiýa sebäpli ýatyrylan uçar gatnawlarynyň biletleri barada

 

Aşgabat-Stambul ugry boýunça uçar gatnawlaryň sany artdyryldy

 

 

Ýene-de okaň

THY gar ýagyşy sebäpli gatnawlaryny ýatyrdy

Kerki ― Daşoguz ― Kerki uçar gatnawy dikeldildi

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ilkinji “Airbus” kysymly ýük uçary

Ata Watan Eserleri

Teswirle