TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Stambulda bütindünýä hor aýdym-saz sungatynyñ simpoziumy geçiriler

Kongres syýahatçylygy pudagynda ähmiýetli  orun eýeleýän Türkiýäniñ Stambul şäherinde 2023-nji ýylyñ 25-30-njy apreli aralygynda hor saz sungaty boýunça Bütindünýä simpozium geçirler. Türkiýe Respublikasynyñ Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiñ guramagynda Atatürk medeniýet merkezinde, şeyle hem Beýoglunyň taryhy ýerlerinde geçiriljek simpoziuma dünýäniñ ähli künjeginden ussat horlaryñ we hünärmenleriñ gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Bahar paslynda geçiriljek bu uly çäre pandemiýadan soň dünýädäki ılkinji horlaryň duşuşygyna öwrüler.

6 ýyldan soň Halkara Hor aýdym-saz federasiýasy tarapyndan geçirilýän Bütindünýä hor aýdym-saz sungaty simpoziumy, aýdymy bilelikde ýerine ýetirmek däbini hormatlamak, dünýäniň dürli geografiýalaryna wekilçilik etmek, hor aýdym-sazynyñ mümkin boldugyça has köp görnüşini hödürlemek maksadyndan ugur alyp, şu ýyl “Özgeren Gözýetimler” atly mowzugy astynda geçirilýär.

Kongres syýahatçylygy boýunça köp ýyllyk tejribä eýe bolan Stambulda geçiriljek simpoziuma 28 ýurtdan 50-den gowrak spiker, müňden gowrak sungat ışgäri we 2000-den gowrak gatnaşyjy gatnaşar.

Has giñişleýin maglumat üçin şu salga ýüz tutup bilersiñiz: http://wscmistanbul2023.com

Ýene-de okaň

Döwlet taryhy-medeni goraghanalaryň işi sanlylaşdyrylar

ABŞ-da Magtymguly Pyragynyň edebiýat agşamy

Oskar baýragy: 7 ugurda baýraga mynasyp bolan film

Ata Watan Eserleri

Teswirle