TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Stambul – Nýu-Ýork aralygy 4 sagada çenli gysgaldylyp bilner

“Boom Supersonic” kompaniýasynyň işläp düzýän ýokary derejeli “The Overture” uçary  2030-njy ýylda taýýar ediler. Bu ugurda degişli şertnama baglaşyldy. Tizligi sagatda 2 müň kilometre ýetýän bu uçarlaryň kömegi bilen uçar wagty gysgaldylýar.

Ýokary tizlikli uçarlary öndürýän “Boom Supersonic” kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli “Amerikan Airlines” awiakompaniýasyna 20 sany “Overture” ýolagçy uçaryny öndürip berer.

Sesden çalt uçýan bu uçaryň ilkinji adaty synagy 2026-njy ýylda amala aşyrylar. Ilkinji ýolagçyly synag bolsa, 2029-njy ýylda geçiriler.

Ähli zat garaşylyşy ýaly bolan halatynda, 2030-njy ýylda ilkinji ýolagçy uçarlar taýýar bolar. Soňra Stambul bilen Nýu-Ýork şäherleriniň arasyndaky 8 müň kilometrden uzak aralygy 4-5 sagatda geçmek mümkin bolar.

Uçaryň 88 ýolagçy kabul edip, durnuklylyk düzgünleriniň çäginde işlenip düzüljekdigi mälim edildi. Bu dört hereketlendirijili uçaryň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden alnan uçar ýangyjyny ulanjakdygy mälim edildi.

Bu uçarlar “Concorde” kysymly uçarlaryň has kämil görnüşi bolar. Adatça, häzirki wagtda Stambul bilen Nýu-Ýork şäherleriniň arasyndaky aralygy geçmek üçin 10 sagat gerek bolar.

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäherine 123 belgili ulgam ornaşdyryldy

Dubaý ýerde “Aýa” meňzeş myhmanhana gurýar

Ilkinji sürüjisiz awtobus Şotlandiýada ýola goýuldy

Teswirle