TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Sürüjisiz ýük ulagy

Aslynda, şu habar bilen ugurdaş ýerleşdirilen surat biziň aýtmak isleýänlerimiz hakynda düşürilen wideogörnüşlerden bir pursat. «Volvo Trucks» kompaniýasynyň täze ýük ulagynda sürüji, hatda sürüji üçin ýörite kabina hem ýok. Muňa garamazdan, ulaglar Şwesiýanyň Gýoteborg portundan ýük daşaýarlar.

«Vera» diýlip atlandyrylýan ulag üstaşyr geçiriş merkezleri, zawodlar we portlar üçin öndürilendir. Dogry, bu surat we Youtube-de ýaýran wideo «Volvo Trucks» bilen Daniýanyň DFDS deňizçilik kompaniýasynyň bilelikde geçiren synagyndan alyndy. Sürüjisiz ýük ulagynyň bu synagdan üstünlikli geçendigini dünýä metbugaty habar berýär. Ýük daşaýan wagty «Vera»-nyň tizligi sagatda 40 kilometre çenli çykdy. Ulag gözegçilik bölümindäki operator tarapyndan dolandyrylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet saýty dörediler

Ata Watan Eserleri

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi indiki hepde geçiriler

Türkmenistanyň Prezidentine goşun generaly harby adynyň nyşany gowşuryldy

Teswirle