TEHNOLOGIÝA

“Square” 3 günde üç rekord goýdy

Amerikanyň “Square” maliýe hyzmatlary kompaniýasyny 2009-njy ýylda “Twitter” jemgyýetçilik toruny esaslandyran Jek Dorsi we Jim MakKelwi tarapyndan döredildi. 2020-nji ýylda bu kompaniýanyň paýnamasy birden ýokarlandy, has takygy bolsa 3 günde bazarda 3 sany rekord goýmagy başardy. Ýagny kompaniýanyň paýnamasy Duşenbe güni 208 dollar, Sişenbe güni 209 dollar, Çarşenbe güni 214 dollara barabar boldy. Häzirki wagtda “Square” kompaniýasynyň bazar bahasy 91 milliard dollar boldy. Bu babatda “Square”, koronawirus sanjymyny öndüriji “Moderna”, wideo konferensiýa programmasy “Zoom” we elektrik ulagy öndüriji “Tesla” kompaniýalary bilen bilelikde ýylyň iň gowy ýeňijileriniň hataryna girýär. Kompaniýanyň 2015-nji ýylda köpçülige hödürlenden bäri, onuň paýnamalary 1.800% göterim ýokarlandygyny belläp bolar.

Square” maliýe hyzmatlary kompaniýasy hakda…

“Square Inc.” – Amerikanyň maliýe hyzmatlary, täjirçilik hyzmatlary toplumy we ykjam töleg kompaniýasy, Kaliforniýanyň San-Fransisko şäherinde ýerleşýär. Kompaniýa programma üpjünçiligi we töleg önümlerini satýar we kiçi telekeçilik hyzmatlarynyň işiniň gerimini giňeldýär. Bu kompaniýa 2009-njy ýylda Jek Dorsi we Jim MakKelwi tarapyndan esaslandyryldy we 2010-njy ýylda ilkinji programmasyny we hyzmatyny ýola goýdy. 2015-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri, Nýu-Ýork gazna biržasynda “SQ” belligi bilen jemgyýetçilik kompaniýasy hökmünde hasaba alyndy.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

Ilon Mask Türkiýede wekilhanasyny açdy

Türkmenistanda elektron maglumat alyşmak ulgamy ösdürilýär

Aýda otly gatnawy hakykata öwrülýär

Ata Watan Eserleri

“Google” umumy bahasy 2 trillion dollardan geçen ABŞ-nyň dördünji kompaniýasy boldy

Türki döwletleri bilelikde kosmosa emeli hemra ibererler

“Samsung” ýene-de birinjiligi eýeledi