TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Sputnik V” sanjymynyň synaglary Hindistanda başlaýar

Russiýanyň Gamaleýa gözleg merkezi tarapyndan işlenip düzülen “Sputnik V” sanjymy dünýäde kliniki synaglary giň gerimde geçirilýär. Ynha, indi şeýle sanjym synaglary indiki hepdede Hindistanda başlar.

Dünýäde ilkinji hasaba alnan koronawirusy sanjymy bolan “Sputnik V” sanjymynyň kliniki synaglarynyň indiki hepde Hindistanda başlajakdygy habar berildi. Adamlar boýunça kliniki synaglar indiki hepde başlar we şu wagta çenli ýurtda 180-den gowrak meýletinçi hasaba alyndy. Bu synaglaryň hem üstünlikli tamamlanmagyna garaşylýar.

Ýaňy ýakynda “Sputnik V” sanjymy Braziliýada gysga wagtda öndürilip başlajakdygy habar berildi. Şeýlelikde Russiýanyň göni maýa goýum gaznasy  bilen Braziliýanyň hökümeti arasynda ”Sputnik V” sanjymyny öndürmek üçin zerur bolan şertnamalar baglaşyldy.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

Ýaponiýaly işewürler : “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bilen gyzyklanýar

Baş Redaktor

Awaza :ýörite wiza tertibini işläp düzmek we girizmek meseleleri öwreniler

Baş Redaktor

THY-den Aşgabat ugry boýunça goşmaça ýörite uçar gatnawy

Teswirle