“Sputnik V” sanjymyny bellige alan 60-njy ýurt

Russiýa Federasiýasynyň koronawirus pandemiýasyna garşy işläp düzen “Sputnik V” sanjymyny bellige alan ýurtlaryň sany 60-a ýetdi. Bu barada rus metbugat gulluklary habar berýär.

Bu sanjymy bellige alan 60-njy ýurt dünýäniň iň köp ilaty ýurdy bolan Hindistan döwleti boldy. Russiýanyň göni maýa goýum gaznasynyň habar bermegine görä, rus sanjymy Hindistanyň derman serişdelerine gözegçilik edýän Baş gullugy tarapyndan bellige alyndy. Rus sanjymy, ýurtda ulanmak üçin tassyklanan koronawirusa garşy üçünji derman serişdesi boldy.

“Sputnik V” sanjymyň Russiýadaky kliniki synaglarynyň netijeleri, şeýle hem Hindistanyň özünde alnyp barylýan goşmaça kliniki synaglaryň 3-nji tapgyrynyň oňyn maglumatlary göz öňünde tutulyp, bu sanjym Hindistanda hasaba alyndy. “Dr. Reddy’s Laboratories” kompaniýasy ýylda rus sanjymynyň 850 milliondan gowrak dozasyny öndürer.

 

Bir özi 100 işi eder