TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Sportuñ sanly setirlerinde…

Dünýädäki käbir çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli futbol äleminde öñdebaryjy çempionatlar togtadyldy. Ýöne Russiýa, Braziliýa, Awstraliýa, Türkiýe çempionatlarynda az janköýerleriñ barmagynda häzirlikçe duşuşyklar dowam edýär. Agzalan ýurtlaryñ çempionatlarynda şu hepdede geçirilen tapgyryñ esasy oýunlarynyñ netijeleri bilen sizi tanyşdyrýarys:

Russiýanyñ Premýer liga çempionatynda:

“Zenit” öz meýdançasynda “Ural” toparyny kabul etdi. “Zenit” topary “Ural” toparyny 7-1 hasaby bilen ýeñmegi başardy. “Zenit” toparynyñ düzüminde Serdar Azmun 3 gol, ýagny (het-trik), Artýom Dzýuba iki gol (dubl), Malkom, Sebastýan, Driussi gol geçirmegi başardylar. “Ural” toparynyñ düzüminde 65-nji minutda Panýukow tapawutlandy.

“Rostow” topary Rostow arena stadionynda garaşylmadyk ýagdaýda “Lokomotiw” toparyndan1-3 hasaby bilen ýeñildi. Duşuşygyñ 34-nji minudynda Pesýakow öz derwezesine gol geçirdi. Myhmanlylar 38-nji minutda Žemaletdinow tapawutlandy. Kryhowiýak 42-nji minutda gol geçirdi. Ýer eýeleriñ jogap topyny oýunyñ 64-nji minutda Iwelin Popow jogap topyny geçirmegi başardy.

SSKA-UFA toparlary deñ-deñ ýagny 0-0 hasaby bilen tamamlandy.

Türkiýe çempionaty:

“Beşiktaş” topary “Wodafone arena” stadionynda Türkiýäniñ taryhy toparlaryñ biri bolan “Galatasaraý” toparyny kabul etdi. Oýun örän ýokary depginde geçdi. Iki toparlar oýunyñ dowamynda garşy toparlarynyñ derwezesine ýiti pursatlary döretdiler. “Beşiktaş-Galatasaraý” oýuny 0-0 hasaby bilen tamamlandy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Dünýä çempionatyny rus teleýaýlymdan görmek bolar

Çempionlar ligasy: “Barselona” ýeňildi

Teswirle