«Express.co.uk» portalynyň ýazmagyna görä, bilermenler sportuň ynsan saglygy üçin iň peýdaly görnüşi hökmünde suwda ýüzmegi saýladylar.
20 ― 90 ýaş aralygyndaky 40 müňden gowrak erkek kişide geçirilen barlaglaryň netijesi suwda ýüzmegiň ýöremekden we ylgamakdan hem peýdalydygyny görkezdi. Suwda ýüzmek bilen meşgullanýanlaryň syrkawlamak töwekgelçiligi beýleki adamlardan 50 göterim azdyr. Özi-de bu barlaglar sähel wagtyň önümi däl. Ynsan saglygyna iň peýdaly sport görnüşini anyklamak üçin alymlar 32 ýyllap işlemeli boldular.
ABŞ-nyň Günorta Karolina uniwersitetiniň professory Stiwen Bleriň aýtmagyna görä, suwda ýüzmek ýürek-damar ulgamynyň işi üçin iňňän peýdalydyr. Hatda keselleriň köpüsini suwda ýüzmek arkaly bejerip bolar. Suwda ýüzmegiň ynsan ömrüniň uzamagynda iň peýdaly sportdygyny beýleki alymlar hem tassyklaýarlar.