TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Sport we ýaşlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportunyň altyn sahypalary ýazylýar. Garaşsyz Türkmenistan ýokary netijeli sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň depginli ösýän, halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän ýurduna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sportuň ösen milli ulgamyny döretmek, Olimpiýa hereketini, ýokary derejeli sporty ösdürmek, degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar.

Ýer ýüzüniň iri sport ýaryşlarynda Watanymyzyň sport abraýyny beýgeltjek ussat türgenleri, sportuň dürli ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamaga döwlet derejesinde berilýän üns-aladanyň esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany hökmünde dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Bedenterbiýe-sagaldyş hereketine hem-de ýokary netijeli sporta berilýän döwlet goldawynyň çäklerinde sport ulgamyna degişli milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär.

Ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine döredilýän giň mümkinçiliklere dünýä ýüzünde örän uly baha berilýändigine biz eziz Diýarymyzda üstünlikli geçirilen «Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň», «Amul-Hazar — 2018» halkara awtorallisiniň we Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň mysalynda görmek bolýar.

2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa eziz Diýarymyzy sport äleminde barha şöhratlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň noýabr aýynda mermer paýtagtymyzda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky gol çeken Karary eziz Diýarymyzda dünýä derejeli sport ýaryşlaryny geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.

Saglyk bolan ýerde bagtyýarlyk bolýar. Saglygy goramagyň esasy ýollarynyň biri bolsa sagdyn durmuş ýörelgelerini berk berjaý edip, köpçülikleýin bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmakdyr. Ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlarymyzyň ähli amatlyklary bolan sport desgalarynda bedenlerini berkidip, sportuň dürli ugurlary boýunça geçirilýän halkara bäsleşiklere gatnaşyp, ýaşyl Tugumyzy dünýä ýüzünde tanatmaklary bizi diýseň buýsandyrýar.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylda türkmen türgenleri köp sanly iri halkara ýaryşlara gatnaşýarlar we olaryň ählisinden diýen ýaly medallar bilen dolanyp gelýärler.

Türgenlerimiziň goňşy Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen ýaşlaryň arasyndaky agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda, Russiýa Federasiýasynda guralan “Ýüpek ýoly — 2022” halkara ralli-reýdinde, Wladiwostok şäherinde geçirilen “Aziýanyň çagalary” atly VII halkara sport oýunlarynda, Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde guralan V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda üstünlikli çykyş etmekleri munuň aýdyň mysalydyr.

Asylly däbe görä, dünýäniň sport giňişliginde Watanymyza mynasyp wekilçilik edip, baýrakly orunlary eýelän türgenler milli sporty ösdürmäge, Türkmenistanyň sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmündäki abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga goşan goşantlaryny ykrar etmegiň nyşany hökmünde döwlet derejesinde sylaglanylýar.

Hanmyrat Baýrammyradow,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň

“Himiýa tehnologiýasy” taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby. 

 

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle